Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap stadionlar, sport mekdepleri, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Bu bähbitli mümkinçilik ýaş türgenleriň ösen talaba laýyk şertlerde türgenleşmeklerine ýol açdy. Indi türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanyp, Türkmenistanyň sport abraýyny belende göterýärler. Hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty türgenlerimiziň dürli ýaryşlardaky ýeňişli çykyşlarynda rowaç alýar. Türgenlerimiz özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, Watanymyzyň halkara sport abraýyny goramakda ýokary netijelere eýe bolýarlar. Dogrusy, ezber türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolmaga mynasypdyklaryny subut etmekdäki erjelliklerini, gaýduwsyzlyklaryny we ukyp-başarnyklaryny synlanyňda, türgen ýigitlerimizdir gyzlarymyza guwanjyň goşalanyp, buýsanjyň artýar. Geçen ýylyň dekabrynda dünýä çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenlere täze awtoulaglary we pul sylaglaryny gowşurylmagy hem hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekdäki tagallalaryna aýdyň subutnamadyr. Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyzyň sport syýasaty halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda ilaty, aýratynam, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde durmuşa geçirilýän işleriň bady barha artýar.
Mekan ÇARYÝEW.








