Ruhubelentligiň girewi
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Ruhubelentligiň girewi

5 06.06.2026

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bu babatda durmuşa geçirilýän degerli işleriň maksady neşekeşligiň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmegini gazanmakdan ybaratdyr. Soňky ýyllarda bu meselede gazanylan üstünlik il-günümizde hoşallyk duýgusyny döretdi. Şu günki günde gürrüňi edilýän meselede ýetilen sepgidi has berkidip, dürli zyýanly endikleriň öňüni almakda uly tagallalar edilýär. 

Durmuş tejribesinden äşgär bolşy ýaly, sagdyn durmuş ruhubelentligiň özenini düzüp, ol maşgalalaryň agzybirliginiň, abadanlygynyň gözbaşydyr. Bu bolsa tutuş jemgyýetimiziň mäkämligini, jebisligini kepillendirýär. Häzirki wagtda arakhorluk, çilimkeşlik we naskeşlik ýaly, ynsan saglygyna zyýanly endikleriň öňüni almak derwaýys bolup durýar. Aýratynam, ýaşlaryň şol zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak hemmeleriň wezipesidir.

Mekan MUHAMMETGURBANOW.

3
3 07.06.2026
TÄZE TEHNOLOGIÝALAR — ÝOKARY ÖNDÜRIJILIGIŇ KEPILI

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan öňegidişlikler öňdebaryjy elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Türkmen energetikasynyň öňbaşçysy Mary DES-niň senagat zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen täze tehnologiýaly döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikisi hereket edýär.  Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ulanylmaga berlen täze önümçilik kuwwatlyklary elektrik energiýasyna barha ýokarlanýan islegi has doly kanagatlandyrmakda möhüm ädim boldy. Energetiklerimiziň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak, howpsuz zähmeti üpjün etmek möhüm wezipelerimiziň biri bolup durýar. Kärhanamyzyň önümçiliginde tehnologiki düzgün-nyzamyň, tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine hemişe uly üns berip, degişli hünärmenler bilen degerli işleri geçirip durýarys. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan işgärlerimiz hakda uly alada edilip, olary döredijilikli zähmete höweslendirmekde zerur çäreleri görýäris. Bu bolsa energetiklerimizi ýokary netijelere ruhlandyrýar. Jemal GURBANOWA.

4
4 06.06.2026
Ruhubelentligiň girewi

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bu babatda durmuşa geçirilýän degerli işleriň maksady neşekeşligiň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmegini gazanmakdan ybaratdyr. Soňky ýyllarda bu meselede gazanylan üstünlik il-günümizde hoşallyk duýgusyny döretdi. Şu günki günde gürrüňi edilýän meselede ýetilen sepgidi has berkidip, dürli zyýanly endikleriň öňüni almakda uly tagallalar edilýär.  Durmuş tejribesinden äşgär bolşy ýaly, sagdyn durmuş ruhubelentligiň özenini düzüp, ol maşgalalaryň agzybirliginiň, abadanlygynyň gözbaşydyr. Bu bolsa tutuş jemgyýetimiziň mäkämligini, jebisligini kepillendirýär. Häzirki wagtda arakhorluk, çilimkeşlik we naskeşlik ýaly, ynsan saglygyna zyýanly endikleriň öňüni almak derwaýys bolup durýar. Aýratynam, ýaşlaryň şol zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak hemmeleriň wezipesidir. Mekan MUHAMMETGURBANOW.

4
4 06.06.2026
Hünäre söýgi — üstünligiň gözbaşy

Ýurdumyzda il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Il-gün bähbitli bu wezipede halkymyzyň saglygynyň ýurdumyzyň gymmatly baýlygydygy ýörelgesinden ugur alynýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini şu günüň ösen talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda belent sepgitlere ýetilýär.  Lukmançylyk mekdebimizde biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmäge ähli zerur şertler bolup, mugallymlarymyzyň öwredýänlerini özleşdirmäge çalyşýarys. Onsoňam, hünär öwredilende mugallymlaryň yhlas-tagallalary talyp ýaşlaryň bilmäge, öwrenmäge höwesi bilen sazlaşykly utgaşanda netije hemişe ýokary bolýar. Ynsanyň saglygyny goramak iňňän wajyp wezipe bolup, ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Şonuň üçinem biz öwredilýänleri ykjam ele alyp, işine ökde şepagat uýalary bolup ýetişmek ugrunda aladalanýarys. Munuň özi bildirilýän uly ynamy ödemegiň ýokary borjudyr. Sähragül REJEPOWA.

2
2 06.06.2026
Kelem

Kelem kaloriýasy pes iýmitlere degişlidir, onuň 100 gramynda bary-ýogy 25-28 kilokaloriýa bar. Ol horlanmak isleýänler üçin gerek bolan iýmitdir. Kelemiň düzüminde iýmit süýümleri köp saklanýar. Şonuň üçin içi gataýanlara kelem iýmek maslahat berilýär. Kelemde askorbin turşusy köp. Onuň immuniteti artdyrmakda, ýagny, kesele garşy göreşýän güýçleri güýçlendirmekde, damarlary berkitmekde we holesterini peseltmekde ähmiýeti uludyr. Kelemiň ýene-de bir aýratynlygy bar. Onda U witamini bardyr. Onuň bolsa ýarany bitiriji täsiri bar. Kelemiň şol häsiýeti aşgazan we onkibarmak içegede ýara bolanda, ýarany bitirmek üçin ulanylýar. Munuň üçin täze kelemi alyp, ony şerbet çykaryjy enjamdan geçirmeli we kelemiň suwuny günde ýarty bulgurdan 3 wagtyna, nahardan ýarym — bir sagat öň mylaýym görnüşinde içmeli. Ol şerbeti 1 aýa çenli içmek bolar. Kelemiň 90-92 göterimi suwdan ybarat, onda B witaminler toplumy, minerallardan kaliý, magniý, kalsiý, fosfor, demir bar. Kelem kükürde baý iýmitdir, onuň bedenden zäherleri çykaryjy, saçlary berkidiji täsiri bar, ol derini hem gowulandyrýar. Ondaky K witamini gan akmada ganyň çalt doňmagyna ýardam berýär, süňklerde we bagyrda madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Ondaky A prowitamini gözüň görşüni gowulandyrmaga ýardam berýär.  Kelemde täze döreme keselleriniň ösmegini togtadýan maddalar bar. Kelemiň düzümindäki kaliý ýüregiň işini kadalaşdyrýar, gan basyşyny peseldýär, artykmaç suwuklyklary çykarýar, kaliý bolsa süňkleri berkidýär, madda çalşygyny üpjün edýär. Magniý nerw ulgamynyň işiniň kadaly bolmagy üçin wajypdyr. Demir ganazlygyň öňüni almak üçin peýdaly.  Aşgazanyň, içegeleriň, aşgazanasty mäziň jerhetleme kesellerinde, aşgazanyň, onkibarmak içegäniň ýara keseliniň beterleşme döwründe, böwrek sökelliginde, miokardyň infarktynda, podagrada kelem iýmek bolmaýar. Çarymyrat  ANNAMUHAMMEDOW.

2
2 06.06.2026
Obada eşiden gürrüňlerimden

Gaharyň pirine Myrryh diýýärlermiş, ol gaharyňy getirýär. Size oturmaga barmaýan dost seniň öz öýüne baranyňy isleýän däldir. Ýorunjaň ýapragyny çaý demlän ýaly edip içseň, süýji kesele em bolarmyş. Küremez — geçiniň süýdünden turşadylyp edilýän içgi, örän ýokumlymyş. Çüýrän kädi maly öldürýär. Haramdan harman bolmaz. Eneden aýrylan ýetim, ilinden aýrylan — ýesir. Doýaňsoň iýseň harammyş. Jala geljek bolsa siňekler on iki sagat öň biri-birleri bilen «maslahatlaşýarlar» we adamlara habar berýärler. Ýandak ýyl aşsa bede bor, syrkyn ýyl aşsa pide bor. Ene ýaşaýyş diýmekdir. Dost gaçsa taparsyň, özüňden gaçma dargarsyň. Köp ýalbarýana ynanma! Ejeň söýse çyn söýer, başgalar ýalan söýer. Bogunlaryň duz ýygnan bolsa, anyklap kelem ýapragyny ýap. Magsym — ylmy pir derejesine ýeten kişi. Syry içinde saklaýana: “Halal adam” diýýärler. Egri ganjykdan dogry güjük dogmaz. At otuny eşege iýdirmez. Mylaýym söze daş erär. Akly az kişi göwün ýykar, özi bilmez. Nany ýataňda başujuňda goýup ýatsaň, zyýan-zeperi kowýar. Demri elliksiz tutma! Ogul akylly bolsa, dagyň aňyrsynda duşakly bolsa-da, ejesiniň ýanyna barar. Alaçaly ýag — toşabyň üstüne baggoýnuň guýruk ýagy deňe-deň goşulan iýmit. Gözüňe dynç berjek bolsaň uzaga seretmeli. Baýguşuň ölenini gören ýok. Ýarganat çagalaryny arkasyna alyp göçürýär. Gaplaň, ýolbars awuny bir bökende alyp bilmese, soň şoňa degenokmyş. Birini öwenlerinde “Nanyň owuntygy ýaly” diýýärler. Petir nan alan nandan peýdaly hem ýokumlymyş. Sarç sygry, göläni birinji gezek sürä goşanlarynda boýnundan taýak — tokmak asýarlar. Ol ýerden çala süýrener eken. Ol tokmak mal sürä öwrenişýänçä dakylar ekeni. Toplan  Esenmyrat BERDINAZAROW.

2
2 06.06.2026
Gadymy galalaryň syry

Daşyndan göräýmäge gyňyr hem gazaply goja ýaly Garagum, bagryndan önen balalaryny bagryna basyp, göýä del gözlerden gabanýan ýaly gujagynda birtopar gadymy galalary saklap ýatyr. Bu galalara soňky ösdürimler “gum gizlän” diýse-de, garry gojalary gürletseň-ä, her galanyň bir depderlik rowaýaty bilen üýtgeşik-üýtgeşik atlaryny aýdyp berýärler... Baryp-ha, Isgender Zulkarneýň zamanynda halal zähmeti bilen bereketli baýlyga ýeten bir adamyň on dört çagasyndan örňäp giden neberesi özbaşyna bir kowçum bolýar. Olary Ülkeriň azabyndan, Kiçi çilläniň gazabyndan, ýyrtyjylaryň azaryndan, pispygyllaryň nazaryndan goramak üçin gala zerurlygy ýüze çykýar. On ogluny yzyna tirkän azaballa kişi aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän takyr alalykda ýurt ýerini belläp, gurluşyga girişýär. Galanyň daşyndan gazylyp, gum alnan ýere suw goýberilip seňňer ýasalýar. Bir gün saba säher wagty garawul galanyň diňine çykyp, töwerege nazar aýlan goja kişiniň gözi takyrda ýasalan kakyň gyrasynda, bir garry gurt bilen “kowalaşdym” oýnaýan bölejik keýiklere düşýär. Ýadap süllümbaýy çykan garry gurt ahyry it oturşyny edip çommalýar-da, gapdal-gapdal böküşýän akja keýiklere ahmyrly nazar aýlap, agzyny asmana tutup uwlap, möjek seňkildisi bilen alaňlaryň arasyna siňip gidýär. Gurdy gündiz uwlap, akja keýikleriň aman galanyny gören gumly serdar bu ahwalaty ýagşylyga ýorýar. Ol mydama takyrjak ýere ýitije gezligiň ujy bilen şekil çekip oýnaýan jahyl çykan agtygyna, galanyň girelgesiniň her gapdalyna bir sany gursagyny gaýşardyp duran akja keýigiň suratyny çekdirýär. Ojar küli, hek garyndysy bilen reňklenen keýik şekilleri uzaklardan garasaňam diri ýaly bolup, gözüňe ilip dur diýýär. Soňlugy bilen Hydyr gören akja keýikleri tumar edinen galalylar çagalarynam “akjam” diýip söýgüläp başlaýarlar. Gözlegi — rahatlyk, küýsegi — parahatlyk, arzuwy — asudalyk türkmen aganyň bu galasy goňşy galalarda,uzak ülkelerde Akjaly gala — Akjagala ady bilen tanalyberýär... ... Döwlet tarapyndan goralyp, adamlar tarapyndan arzylanýan bu gadymy gala Garagum etrabynyň çäginde, Abaýtöşdür Gutly, Gençgurandyr Çaňly, Tomalandyr Munan galalar kimin geçeniň ünsüni özüne çekip otyr.  Döwletmyrat Jumadurdyýew.

8
8 06.06.2026
Armanym galdy (Aýdym)

Zübeýda, naçarym, diňle?! Kalbymda armanym galdy. Gözlerimden akdyrdym gan, Zemine bak, ganym galdy.   Bilbilem, çekmişem zary, Sowuldy yşkyň bazary, Uruldy hijran hanjary, Aglap Meňli hanym galdy.   Öten günlerim düýş bolup, Gezdim, ilimden daş bolup, Bakyň, jesedim boş galyp, Lahat içre janym galdy.   Günbe-günden derdim artyp, Ýörmedim jahany ýortup, Zähmet çekip, azap tartyp, Düzdügim destanym galdy.   Zalym pelek, gahba pelek! Çoh janlary kyldyň heläk, Läle, zemin, asman, melek! Wah, mahy-tabanym galdy.   Magtymguly, gara ýüzüň, Diňlemezler zaryn sözüň, Zübeýdäm, ýaşlasaň gözüň, Harytsyz, dükanym galdy.   Magtymguly PYRAGY.

9
9 06.06.2026
Diňe ýürek hakynda

Gep ýel bolmasa-da ýürek çişirer. Gara ýürek ak bolmaz. Göz görmedigini ýürek syzar. Ýüreksize ýürek bermeli däl. Türkmen pähimleri. *** Bagt ýüregi başarjaň edýär. Hytaý pähimi. *** Bilimi syndyr, ýüregimi syndyrma! Türk pähimi. *** Gynanyp görmedik ýürek parhsyz bolýar. Fin pähimi. *** Ýigrenjiň enesi ýürek däl-de söz. Şumer pähimi. *** Eger ýekeje barmajyk agyrsa-da ýürek duýýar. Emma ýürek agyrsa hiç kim duýmaýar. Gürji pähimi. *** Ýüregiň ody kelläni tüsseledýär. Assiriýa pähimi. *** Ýüregi kör bolanyň gözi-de görmez. Ýürek gözden gowy görýär. Iň ýagşy hazyna ýürek söýgüsidir. Arap pähimleri. Toplan Oguljeren NAZAROWA.

19
19 06.06.2026
Geljegiň ýaş binagäri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar hakynda yzygiderli alada edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Özleri hakynda edilýän aladalara jogap edip, yhlasly okap, bilim alyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Ynha, şeýle ýaşlaryň biri hem Mary şäherindäki 27-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Tirkiş Täçmämmedowdyr. Zehinli jigimiz T. Täçmämmedow öz geljekdäki hünärini çagalygyndan ele alan diýsek hem hakykatdan daş düşdügimiz däl. Ol matematika, zähmet, surat, proýektirlemegiň esaslary ýaly dersleri yhlas bilen okady. Tirkiş dürli zatlaryň maketini ýasamakda öz erjelligini görkezip, synpyň okuwçylaryndan tapawutlanmagy başarýar. Mekdepde geçirilýän bäsleşiklerde, çärelerde, sergilerde dürli görnüşli maket işleri bilen çykyş edip, özüniň bilesigelijiligini, ukyp-başarnygyny görkezýär. Bu okuwçynyň zehininiň bardygyny aňan mekdebiň surat mugallymy Kakamyrat Oramow Tirkiş jigimize dürli şekilleriň maketini ýasamagyň inçe syrlaryny öwredýär. Kakamyrat Oramowyň, şeýle-de, mekdebiň müdiri Jahan Saparmyradowanyň ýakyndan ýardam bermeginde Tirkiş Täçmämmedow bu hünäri ussatlyk bilen ele alýar. Has dogrusy, ol 2024-nji ýylda “Parahatçylyk — çagalaryň sesi” atly bäsleşigiň maket ýasamak ugry boýunça welaýat tapgyrynda 2-nji orna, döwlet tapgyrynda 3-nji orna mynasyp boldy. 2025-nji ýylda ýokarda ady agzalan bäsleşigiň welaýat tapgyrynda 1-nji orna, döwlet tapgyrynda 2-nji orna mynasyp boldy. Tirkiş jigimiziň gazanan bu üstünligi özi bilen bir hatarda ene-atasyny, mugallymlaryny, diýseň, begendirdi. Biz hem geljegiň ýaş binagäri Tirkiş Täçmämmedowa gadamlarynyň batly, ädimleriniň şowly, üstünlikleriniň dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Aýparça AKYMOWA.

152
152 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

140
140 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

147
147 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

155
155 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

142
142 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

141
141 19.05.2026
Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda  “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň  ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Nurjahan Mämmedowa.

134
134 19.05.2026
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nabat Atajanowa.

162
162 14.05.2026
Şanly  sene

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýeňişlere besleýän türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da bagtyýar ertirine barýar. Ajap eýýamymyzda toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyz uly toýuna taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň buýsançly aýratynlygy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynda jemlenýänligindedir. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, ähli ugurlardaky ösüşlerimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.   Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni gadymy türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi. Bilşimiz ýaly, Konstitusiýamyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny bolmak bilen, ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygynyň binýady bolup durýar. Onda döwletiň gurluşynyň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.   Esasy Kanunymyzda Döwlet baýdagymyzyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlaryň biridigi bellenen. Döwlet baýdagymyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Merdana ata-babalarymyz şan-şöhrata beslenen gahrymançylykly asyrlary  aşyp, bu gün türkmen ili abraý-mertebesi dünýä dolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletine guwanýar we buýsanýar.  Güljeren MYRADOWA.

159
159 14.05.2026
Goşa  mukaddeslige buýsanýarys

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň bilelikde bellenilmegi çuň mana eýedir. Halkymyz bu iki mukaddeslige uly sarpa goýýar. Baýdak ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Türkmen halky parahatçylygy we abadançylygy hemişe arzuw edip gelipdir. Bu arzuwlar biziň Döwlet baýdagymyzda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa, halkymyzyň ruhy-ahlak däplerine, watansöýüjilik ýörelgelerine, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetine pugta eýerilýändigini subut edýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ähli şäherlerimizde we obalarymyzda buýsançly parlaýar.  Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygynyň aýratyn nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan özgerişleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermäge, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýändigi örän buýsandyryjydyr. Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler geriminiň giňligi bilen häsiýetlenýär. Döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilip geçilýän toý baýramlar bolsa, şol ajaýyp üstünliklere, belent sepgitlere çuň many öwüşginini çaýýar.   Halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýar.   Myrat ATAÝEW. 

1646
1646 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1438
1438 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1695
1695 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1627
1627 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1580
1580 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1833
1833 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1368
1368 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1656
1656 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.