Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän, bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri hut öz ýurdumyzda öndürip, şonuň hasabyna içki bazarda haryt bolçulygyny döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça öňde goýýan gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmeklige ýurdumyzyň kiçi hem orta telekeçilik ulgamynyň işjeň telekeçileri öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynyň telekeçilerem ykdysady bähbitli şu asylly maksada işjeň goşulyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täzeçe gözlegler bilen döredijilikli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak, ösdürmek baradaky öňdengörüjilikli syýasaty esasynda “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasy döwletimiz tarapyndan berilýän uzak möhletleýin, ýeňillikli bank karz serişdeleriň hasabyna gurlan döwrebap önümçilik binasynyň dünýäniň aýakgap önümçiligindäki iň kämil tehnologiýaly tikin maşynlary hem-de beýleki enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny aýtmak gerek.
Kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň hemmesi dünýäniň ösen döwletleri bolan Italiýa, Germaniýa döwletlerinde iň täze öndürilen, ýokary tehnologiýaly önümlerdir. Şol enjamlar kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmaga, önümiň hilini düýpli gowulandyrmaga ýardam berdi. Bu ýerde häzir ýaşlaryň iki ýüzden köprägi zähmet çekýär. Kärhanada zähmet çekýän hünärmenleriňdir işçileriň täze enjamlary dolandyrmagy ussatlyk bilen ele almaklary önümçiligi täzeçe gurnamaga şert döretdi. Şonuň netijesinde indi kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň önümçiliginiň möçberi ozalkydan üç esse artdy. “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynda aýakgap önümçiligi üçin gerekli çig malyň ekologiýa taýdan arassa we beýleki tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýokary hilli gönüň öz paýdary bolan “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilmegi alyjylara hödürlenilýän aýakgaplaryň bahalarynyň daşary döwletlerden getirilýän aýakgaplardan arzan bolmagyny şertlendirýär.
“Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynda ýokary hilli, arassa gönden tikilýän, geýmek üçin rahat, ýakymly, bäsleşige ukyply aýakgaplara bu gün diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary bazarda-da barha köp isleg bildirilýär. Kärhananyň telekeçileriniň öndürýän önümleri häzir Russiýa Federasiýasynyň şäherlerine, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan Respublikalaryna eksport edilýär. Bu telekeçilik kärhanasynyň öndürýän aýakgaplary onuň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezlerinde hem-de beýleki şäherlerindedir etraplarda açylan ýöriteleşdirilen dükanlary arkaly alyjylara ýetirilýär. Kärhananyň işgärleri kiçi hem orta telekeçilik ulgamynda önüm öndürmäge döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.