“Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mübärek Remezan aýynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde agyz beklenip, milli ýol – ýörelgelerimize, dini däplerimize görä metjitlerde namaz okalyp, ýagşy doga – dilegler edilýär. “Remezan diýerler aýyň ýagşysyn” diýilişi ýaly, bu aý ýagşy umyt – arzuwlaryň, sogaply aýlaryň biri hasaplanýar. Bu mübärek aýyň başlanmagy bilen bagtyýar çagalaryň döwletli maşgala ojaklaryna topar bolup ýa remezana aýlanmagy we Remezan aýynyň tarypyny ýetirmekleri hem ajaýyp däplerimiziň biridir.
Toýmyrat Gurbanow.








