Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mährem enelerine, bagtyýar gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary Mary welaýatynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Welaýatyň orta mekdeplerinde bilim alýan gyzlara hem pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylyp başlandy. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda giňden bellenilýän ýurdumyzda uly şatlyk-şowhuna beslenip belleniljek baýramçylygyň öňýanyndaky günlerinde Hormatly Prezidentimiziň Halkara zenanlar güni mynasybetli iberen pul sowgatlaryny ellerine alyp, begenç bilen ýüzlerine sylýan okuwçy gyzlaryň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsançlarynyň çägi egsilenok. Şa sowgadyny ellerine alan gyzlar Hormatly Prezidentimize özleriniň päk ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini aýtýarlar.
Merjen Çaryýarowa.








