Hormatly Prezidentimiziň 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky Permanyna laýyklykda Mary welaýatynyň ähli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlara hem pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda uly şatlyk- şowhuna beslenip geçirilýän Halkara Zenanlar güniniň öňýanyndaky günlerinde Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli iberen pul sowgatlaryny ellerine alyp, begenç bilen ýüzlerine sylýan talyp gyzlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsançlary egsilmezdir.
Merjen Çaryýarowa.








