Bir adam pilleriň deňinden geçip barýarka birden saklanýar we bu ägirt uly haýwanlaryň diňe öň aýagyna daňylan kiçijik ýüp bilen saklanylýandygyna geň galýar. Pilleriň islendik wagt bujagaz ýüpden boşanyp biljekdigi äşgär, ýöne pilleriň näme üçindir beýle etmeýändikleri ony gyzyklandyrýar.
Ol kişi golaýda pillere gözegçilik edýän bir tälimçini görýär we näme üçin bu haýwanlaryň gaçmaga synanyşmaýandygyny soraýar.
Tälimçi: “Örän ýaş we has kiçikäler, olary daňmak üçin şol bir ululykdaky ýüpi ulanýarys we ol ýüp şol ýaşda olary saklamak üçin ýeterlik bolýar. Ulalanlaryndan soňam piller şol daňydan boşanyp bilmejekdiklerine ynanýarlar, şonuň üçinem hiç haçan erkinlige çykmaga synanyşmaýarlar” diýip, jogap berýär.
Pilleriň bu hereketinden sapak alsak, ol her bir işiň başyna baranymyzda ynandyrmagy başarmalydygymyzy görkezýär.
Iňlis dilinden terjime eden
Gülkamar HYDYROWA.








