Durmuşyň üstünligi ýagşylykda we geçirimlilikdedir.
Bu dünýäniň ähli gözelligi ýagşylykdadyr.
Ýaşlygyň nämedigini, ol geçeninden soň bilip galýarys.
Akylly adamlaryň gadyry batyr adamlaryňkydan ýokarydyr.
Her bir keseliň başlangyjy aşa köp iýmeklikdedir.
Adamlaryň mertebesini beýgeldiň, şonda olar siziň ynamyňyzy ödemäge çalşarlar.
Beýik adamyň beýikligi onuň ýönekeý adamlar bilen nähili gatnaşyk edýänliginde aýan bolýar.
Adamlara öz mertebelerini halas etmäge mümkinçilik beriň!
Köpräk ýylgyryň, şonda siz ýylgyryşa-da mynasyp bolarsyňyz.
Toplan
Amanmyrat ÝAMADOW.








