Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk ýoly adamzadyň häzirki we geljekki nesilleri üçin ählumumy gymmatlykdyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew açdy we alyp bardy. Onda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşary ýurt bölümi bolan Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy Şirmuhammet Ýeňiş, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDEI-niň mugallymy Merdan Orazmeredow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Mähri Seýtiýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hünärmeni Şirin Seýidowa çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellediler. Şeýle hem ýurdumyz boýunça şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýola goýulýan işler dogrusynda durup geçdiler. Şol sanda maslahatda üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi barada nygtadylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara-da giň orun berildi. Ýaňlanan ajaýyp owazlar oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Amandurdy ŞADYÝEW.