Pakistanyň Döwlet nebit ministri Türkmenistanyň DIM-inde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
weather mary 3° C Mary
weather mary 3° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Pakistanyň Döwlet nebit ministri Türkmenistanyň DIM-inde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

428 22.09.2022

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, hususan-da energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça strategiki taýdan möhüm bolan taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň mundan beýläk hem öňe gitmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Pakistanyň Döwlet nebit ministri her bir gatnaşýan taraplar hem-de bütin sebit üçin wajyp bolan bu taslamalary Pakistanyň ýolbaşçylygynyň goldaýandygyny nygtady.

Agzalan uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmegi türkmen-pakistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Belläp geçsek, sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Döwlet nebit ministrini kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy. 

8
8 15.12.2025
Bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýaş nesilleriň zehinini, döredijilik ukybyny ýüze çykarmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de “Maru — şahu jahan” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden “Bitaraplyk — parahatçylygyň senasy” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Täsirli geçen dabarada “Maru — şahu jahan” gazetiniň baş redaktory Muhammetdurdy Saparlyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew çykyş etdiler. Olar ýeňiji bolan ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, geljekde hem uly ýeňişlere eýe bolmagyny arzuwladylar. Ýene-de şeýle guraljak bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmelidigini we geçirilýän bäsleşikleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Ajaýyp çykyşlardan soň ýeňijilerimiz yglan edilip, olara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary uly dabara bilen gowşuryldy. Sülgün ŞADYÝEWA.

5
5 15.12.2025
Täze döwrebap awtoulaglar welaýatymyza gelip gowuşdy

   Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny  düýpli ösdürmek we edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen daşary döwletlerden kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Mary welaýat häkimliginiň Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşigine Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alyp beren  ,,Zoomlion” kysymly awtoulaglarynyň we beýleki tehnikalaryň uly topary gelip gowuşmagy Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.                                    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlaryna dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen täze tehnologiýaly enjamlary, innowasiýalary ornaşdyryp, şol ulgamlaryň edara – kärhanalarynyň tehniki binýady täzelenýär. Täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda amala aşyrýan il – ýurt bähbitli işleriniň aýdyň netijesidir. Täze ýokary basyşly lagym sorujy ulgamlary arassalaýjy, zeý suw sorujy, süpüriji, ýuwujy, zir – zibil gapdalyndan ýükleýji, konteýnerli zir – zibil daşaýan awtoulaglar, ýol ýuwujy – süpüriji kiçi awtoulaglar, ýük göteriji, suw daşaýjy we ýol ýuwujy, gidrogaldyryjy, göteriji enjamly ýol ýuwujy, göçme ussahana awtoulaglar, awtobuslar, ýükleýji ekskowatorlar, öň tarapyndan ýükleýji traktorlar, tekerli ekskowatorlar, aýratyn dakylýan enjamlar Mary welaýat Jemagat  hojalygy birleşiginiň işgärlerine işleri ýokary derejede guramaklyga ýardam eder. Welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary Mary welaýat Jemagat  hojalygy birleşigine gelip gowşan täze awtoulaglary türkmen halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän üzärlik tütetmek, un sepmek we alaja daňmak ýaly ajaýyp däp-dessurlaryna eýerilip, ýagşy dileg – arzuwlar bilen garşyladylar. Welaýatyň il sylagly ýaşulylary bu täze awtoulaglary sowgat beren Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň rowaç işleriniň üstünliklere beslenmegini beýik biribardan dileg etdiler. Dünýä ölçegleriniň derejesinde öndürilen bu kämil, ýöriteleşdirilen awtoulaglar welaýatyň ilatyna Jemagat hyzmatlaryny ýokary derejede guramaklyga, welaýatyň şäherleriniň, şäherçeleriniň abadançylygyny has-da gowulandyrmaklyga niýetlenilendir. Gelip gowşan täze awtoulaglar ozaldan bar bolan tehnikalaryň  üstüni ýetirdi. Şu kuwwatly hem-de ýokary öndürijilikli awtoulaglaryň iň tejribeli sürüjilere berkidilmegi bu gymmatly mehanizmleriň aýawly hem netijeli peýdalanylyp, uzak möhletleýin hyzmat etmegini  üpjün  eder. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň her bir gününi zähmet üstünliklerine besleýän Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem-de Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işgärleri täze taryhy eýýamda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda, edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny pugtalandyrmakda  alyp barýan döwlet bähbitli  işleri üçin  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýmyrat Gurbanow.

5
5 15.12.2025
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

     Şu gün Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Medeniýet öýünde Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda ýurdumyzda her ýylyň 14-nji dekabrynda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň bu möhüm pudagynyň Mary welaýatyndaky edara – kärhanalarynyň öňdebaryjy hünärmenleridir işçileri, talyp ýaşlar dabaranyň hormatly myhmanlary boldular. Gazçylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pudagyň işgärleriniň öňlerinde goýýan tabşyryklary esasynda täze gaz ýataklaryny ýüze çykarmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, “mawy ýangyjy” sarp edijilere ýetirmek boýunça tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýylyň on bir aýyny üstünlikli jemlän gazçylar häzirki günlerde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemek üçin öz zähmet gadamlaryny has-da batlandyrýarlar. Dabarada çykyş edenler şu ýyl uglewodorod çig malyny çykarmakda “mawy ýangyjy” daşary bazarlara eksport etmekde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda buýsanç bilen aýdyp, dünýä ýüzünde kuwwatly energetika döwlet hökmünde giňden ykrar edilen ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek barada taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Baýramçylyk dabarasynda Nebitgaz Senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli “Marygazçykaryş” müdirliginiň we pudagyň beýleki edara – kärhanalarynyň öňdebaryjy işgärlerine Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy şu günki çäräniň iň bir dabaraly pursatlary boldy. Baýramçylykda şäheriň medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym – sazly çykyşy ýaýbaňlandyrylyp, belent heňlerde ýerine ýetirilen aýdymlarda, joşgunly tanslarda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşy, gazçylaryň päk zähmeti, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il – halk, döwlet hem bütin adamzat bähbitli belent tutumly işleri giňden wasp edildi. Azat Beglanow.

20
20 13.12.2025
Baýdak galdyrmak dabarasy boldy

     “Halkara parahatçylyk we ýnanyşmak” ýylynda döwletimizde giňden toýlanylýan şanly senäniň – Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygy Mary welaýatynda-da belent toý tutumlary bilen hem-de ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň we döwletleriň arasynda dost – doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine, jebisleşmegine itergi beren hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygynyň dabaralary ir säher bilen welaýatyň merkezi Mary şäheriniň iň bir gözel künjegi bolan baş Baýdak meýdançasyndaky dabaralardan başlandy. Bu ýerde döwlet Senamyzyň dabaraly ýerine ýetirilmeginde mukaddes döwlet Baýdagymyz ýokary galdyrylýar. Mary welaýat we Mary şäher häkimlikleriniň, welaýat Zenanlar bölüminiň, Demokratik we Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim, Medeniýet we Saglygy goraýyş müdirlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen göwün göteriji dabarada eziz Watanymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlag sözleri aýdylyp, bu gün parahatçylygyň, halklar arasyndaky ylalaşygyň, raýdaşlygyň merkezine öwrülen Türkmenistan döwletimizi bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzy has rowaç, has eşretli durmuşa alyp barýan Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Tutuşlygyna toý - baýramçylyga beslenen meýdançanyň daş-töweregini bezäp duran ýaşyl baýdaklarymyz döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, nurana geljegini alamatlandyryp, al-asmanda pasyrdaýar. Baş Baýdak meýdançasynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň şu şanly sene mynasybetli ýörite taýýarlan çykyşynyň ýaýbaňlandyrylmagy baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň, welaýatyň birleşen tans toparlarynyň edebi – sazly çykyşy baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwşgün çaýdy. Welaýat Medeniýet müdirliginiň iň saýlama aýdym – saz we tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary hemmeler tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Belent joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdym – sazlarda, tanslarda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, milli buýsanjymyz bolan ýaşyl Tugumyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasaty, il-halk, döwlet hem bütin adazat bähbitli tutumly işleri joşgunly wasp edildi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary Bitarap Watanymyzy, Berkarar döwletimizi ösüşleriň batly gadamlary bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Parahat Gurbanow.

14
14 13.12.2025
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy

   Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň çäginde geçirilen esasy dabaralaryň birem welaýata görk berip duran, depesi göge ýetýän ,,Türkmeniň ak öýi“ binasynda geçirilip, ony Mary welaýat häkimligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde gurnady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bütün dowamynda uly joşguna eýe bolan ýurt bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň täzeden täze aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Bu günk baýramçylyk dabarasynyň başy welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň hem-de birleşen tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ,,Ata Watan-eziz ýurdum Bitarap!” atly edebi sazly kompozisiýa bilen başlandy. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler we baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren bagty bu edebi sazly kompozisiýanyň esasyny düzdi. Bu ýerde sungata höwesek ýaş nesilleriň joşgun bilen ýerine ýetiren ,,Akja kepderi” atly aýdymy hem parahat söýüjilikli Watanymyzyň asudalygynyň nyşany bolup uzaklara ýaň saldy. Baýramçylyk dabarasynda halypa we ussat aýdymçylaryň parahatçylygy döwletimiziň esasy ýörelgesine öwüren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işlerini we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşyçylyk, birek-birege özara hormat goýmakda türkmen bitaraplygynyň uly oruna eýedigini beýan edýän hoş owazly aýdymlary hem bagtyýarlyk mukamy bolup belentden belent ýaňlandy. Dürli öwüşgnli owadan sahnada welaýatyň etrapdyr şäher medeniýet merkezleriniň tans toparlarynyň doslukly döwletleriň milli tanslaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirmeklerem baýramçylyk dabarasynyň täsirliligini hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň ýaş zehinli we estrada aýdymçylarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryň dillerinde dost-doganlygy, asudalygy, päk söýgüni we Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy taryplap ýerine ýetiren aýajyp aýdymlary bolsa bu dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen bu dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen şirinden-şirin hoş owazly aýdymdyr sazlar, göçgünli tanslar ýurdumyzy belent ösüşlere besleýän, halkymyza eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri bolup ýaňlandy.  Merjen Çaryýarowa. 

16
16 13.12.2025
Dabaraly maslahat geçirildi

     “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we institutyň professor mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ýokary ruhubelentlik häsiýete eýe bolan bu dabaraly maslahatda Bitaraplygymyzyň halkymyza beren bagty we Berkarar döwletimizde ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler baradaky gyzykly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda özüniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýän Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy dogrusynda-da buýsanç bilen bellenildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda institutyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň parahat Watanymyzyň Bitaraplygyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Dabaraly maslahata gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.   Dursun Ilbegiýewa. 

26
26 09.12.2025
Bitaraplyk mekany-baky bagyň mukamy

Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Marydaky Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda  ,,Bitaraplyk mekany-baky bagyň mukamy“ atly maslahat geçirilip, oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Maslahatda halkara gatnaşyklarynyň durnukly hem dostlukly häsiýete geçmeginde ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, türkmen Bitaraplygyna halkara derejesiniň berilendigi we Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda diýarymyzyň at-abraýynyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygy barada çuň we manyly gürrüňler edildi. Bu ýerde çykyp geplänler okatmagyň döwrebap usullary we bilim ulgamynda informasion tehnologiýalary ulanmagyň düzgünleri dogrusynda-da aýratyn nygtadylar.  Bu ýerde talyp ýaşlaryň döredijilik toparlarynyň erkana Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy we ýaşyl joşgununy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna hem uly orun berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza akyş sözlerini aýdyp, baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar. Maýa Annameredowa.

27
27 09.12.2025
Pälwanlaryň üstünligi

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde guwançly sepgitlere eýe bolunýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, türgeleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikler bar. Muňa biziň sport mekdebimizde bitirilýän işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.  Mekdebimizde men ýaş türgenleriň ençemesine erkin göreş boýunça tälim berip, olaryň dürli ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelemekleri ugrunda aladalanýaryn. Şeýle yhlas-tagallam ýerine-de düşýär. Golaýda erkin göreş boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşda türgenlerimiz Serdar Orazow, Eziz Şageldiýew degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Şu günler bolsa türgenlerimiz ýakyn wagtlarda geçiriljek welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşa ykjam taýýarlyk görýärler. Şu günlerki yzygiderli türgenleşiklerimiz öňde durýan ýaryşda-da şowly çykyşlara ynam döredýär. Abdyresul NEPESOW.

26
26 09.12.2025
Öwüt-ündew edildi

Ýakynda Ýolöten etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap prokuraturasynyň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.  Çärede etrap häkimliginiň hukuk-maslahatçysy Oguljennet Baýhanowa, etrabyň ymamy Serdar Babaýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, milliligimizi ösdürmek, tertip-düzgünleri berjaý etmek dogrusynda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler.  Muhammetýaz SEÝITGULYÝEW.

20
20 13.12.2025
Baýdak galdyrmak dabarasy boldy

     “Halkara parahatçylyk we ýnanyşmak” ýylynda döwletimizde giňden toýlanylýan şanly senäniň – Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygy Mary welaýatynda-da belent toý tutumlary bilen hem-de ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň we döwletleriň arasynda dost – doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine, jebisleşmegine itergi beren hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygynyň dabaralary ir säher bilen welaýatyň merkezi Mary şäheriniň iň bir gözel künjegi bolan baş Baýdak meýdançasyndaky dabaralardan başlandy. Bu ýerde döwlet Senamyzyň dabaraly ýerine ýetirilmeginde mukaddes döwlet Baýdagymyz ýokary galdyrylýar. Mary welaýat we Mary şäher häkimlikleriniň, welaýat Zenanlar bölüminiň, Demokratik we Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim, Medeniýet we Saglygy goraýyş müdirlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen göwün göteriji dabarada eziz Watanymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlag sözleri aýdylyp, bu gün parahatçylygyň, halklar arasyndaky ylalaşygyň, raýdaşlygyň merkezine öwrülen Türkmenistan döwletimizi bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzy has rowaç, has eşretli durmuşa alyp barýan Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Tutuşlygyna toý - baýramçylyga beslenen meýdançanyň daş-töweregini bezäp duran ýaşyl baýdaklarymyz döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, nurana geljegini alamatlandyryp, al-asmanda pasyrdaýar. Baş Baýdak meýdançasynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň şu şanly sene mynasybetli ýörite taýýarlan çykyşynyň ýaýbaňlandyrylmagy baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň, welaýatyň birleşen tans toparlarynyň edebi – sazly çykyşy baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwşgün çaýdy. Welaýat Medeniýet müdirliginiň iň saýlama aýdym – saz we tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary hemmeler tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Belent joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdym – sazlarda, tanslarda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, milli buýsanjymyz bolan ýaşyl Tugumyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasaty, il-halk, döwlet hem bütin adazat bähbitli tutumly işleri joşgunly wasp edildi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary Bitarap Watanymyzy, Berkarar döwletimizi ösüşleriň batly gadamlary bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Parahat Gurbanow.

14
14 13.12.2025
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy

   Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň çäginde geçirilen esasy dabaralaryň birem welaýata görk berip duran, depesi göge ýetýän ,,Türkmeniň ak öýi“ binasynda geçirilip, ony Mary welaýat häkimligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde gurnady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bütün dowamynda uly joşguna eýe bolan ýurt bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň täzeden täze aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Bu günk baýramçylyk dabarasynyň başy welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň hem-de birleşen tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ,,Ata Watan-eziz ýurdum Bitarap!” atly edebi sazly kompozisiýa bilen başlandy. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler we baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren bagty bu edebi sazly kompozisiýanyň esasyny düzdi. Bu ýerde sungata höwesek ýaş nesilleriň joşgun bilen ýerine ýetiren ,,Akja kepderi” atly aýdymy hem parahat söýüjilikli Watanymyzyň asudalygynyň nyşany bolup uzaklara ýaň saldy. Baýramçylyk dabarasynda halypa we ussat aýdymçylaryň parahatçylygy döwletimiziň esasy ýörelgesine öwüren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işlerini we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşyçylyk, birek-birege özara hormat goýmakda türkmen bitaraplygynyň uly oruna eýedigini beýan edýän hoş owazly aýdymlary hem bagtyýarlyk mukamy bolup belentden belent ýaňlandy. Dürli öwüşgnli owadan sahnada welaýatyň etrapdyr şäher medeniýet merkezleriniň tans toparlarynyň doslukly döwletleriň milli tanslaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirmeklerem baýramçylyk dabarasynyň täsirliligini hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň ýaş zehinli we estrada aýdymçylarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryň dillerinde dost-doganlygy, asudalygy, päk söýgüni we Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy taryplap ýerine ýetiren aýajyp aýdymlary bolsa bu dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen bu dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen şirinden-şirin hoş owazly aýdymdyr sazlar, göçgünli tanslar ýurdumyzy belent ösüşlere besleýän, halkymyza eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri bolup ýaňlandy.  Merjen Çaryýarowa. 

26
26 09.12.2025
Öwüt-ündew edildi

Ýakynda Ýolöten etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap prokuraturasynyň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.  Çärede etrap häkimliginiň hukuk-maslahatçysy Oguljennet Baýhanowa, etrabyň ymamy Serdar Babaýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, milliligimizi ösdürmek, tertip-düzgünleri berjaý etmek dogrusynda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler.  Muhammetýaz SEÝITGULYÝEW.

21
21 09.12.2025
Duşuşyk geçirildi

Golaýda Mary etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de TZB-niň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda “Ýaşlar — Watanymyzyň guwanjy we buýsanjy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrabyň S. Türkmenbaşy şäherçesindäki “Altyn yşyk” medeniýet öýünde geçirilen bu çärä syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleridir işjeň agzalary, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň we geňeşlikleriň wekilleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, etrabyň Jemgyýet geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Çarymyrat Saparow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Täzegül Pirsýanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Yklymmyrat Tuwakmyradow, etrapdaky 29-njy orta mekdebiň müdiri Maksat Mämmäýew çykyş etdiler. Çykyşlarda olar sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olara ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milli däp-dessurlarymyzy öwretmek barada giňişleýin durup geçdiler. Muhammetgylyç NEPESOW.

33
33 04.12.2025
Ynanyşmak — halklaryň bähbidine

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösüş depgini halkara abraýynyň täze belentliklere çykýandygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu guwançly ýagdaý hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini doly subut edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty rowaçlanýar. Öňe sürülýän umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlarda halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yglan edýän başlangyçlary adamzadyň bähbidine gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň özenini bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, ynanyşmagy, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak düzýär. Halkara ähmiýetli şeýle tagallalaryň giň gerime eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygy buýsandyrýar.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde tutýan orny barha pugtalanýar. Çünki, Türkmenistanyň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen beýik başlangyçlary uly goldaw tapýar. Gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyksöýüjilikli, ynanyşmak we ynsanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orna eýe bolýar we rowaç alýar. Arslan ÇARYÝEW.

36
36 04.12.2025
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygaryndan äşgär bolşy ýaly, üstümizdäki ýyl halkara ähmiýetli wakalary bilen dabaralanýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň guwançly miwesidir.  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolanyna 30 ýyla golaý geçen döwrüň içinde Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk taglymaty täze many-mazmun bilen baýlaşdy. Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda, birek-birege hormat goýup, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsiri ýokarlandy. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara at-abraýy hil taýdan täze derejelere çykdy. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady ählumumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Döwletimiziň Bitaraplygy halkymyzyň parahat, asuda durmuşda abadançylygynyň ygtybarly kepilidigi il-günümiziň guwanjyny goşalandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň däplerine wepaly bolan türkmen halkynyň gadymy milli däpleriniň esasydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýy, öňe sürýän oňyn başlangyçlary sebit boýunça goňşy we dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly işjeň hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ali RAHMEDOW.

69
69 04.12.2025
Şan-şöhratly  menziller

Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine buýsanyp ýaşaýan türkmen halkynyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudagynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ata Watanymyzyň ösüşli menzillere rowana bolmagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uly işler ýola goýulýar. Şol sanda, halkara gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär.  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz barha berkeýär. Şu ýylyň dowamynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe döwletlere amala aşyran iş saparlary häzirki wagtda alnyp barylýan ykdysady, diplomatik hyzmatdaşlyklarynyň mundan beýläk-de rowaç aljakdygyna doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, işjeň hem hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň geljekde has-da pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Amandurdy ŞADYÝEW.

40
40 30.11.2025
Baky bagtyň binýady

 Özüniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýuny giňden toýlaýan Garaşsyz Watanymyz taryh üçin uzak bolmadyk döwürde bitaraplyk, dost- -doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen halkara derejesinde uly abraý-mertebe gazandy. Häzirki wagtda döwletimiziň daşary syýasatda öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli ynsanperwer ýoly dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýar.   Türkmenistan döwletimiziň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge we beýleki möhüm ugurlara gönükdirilen başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde hem dünýäde ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça ýurdumyzyň halkara derejesindäki orny has-da pugtalanýar. Täze taryhy eýýamda bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli daşary syýasatymyz üstünlikli dowam etdirilýär.   Goý, halkymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan, bütin dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrundaky tagallalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, at-abraýlary mundan beýläk-de belent bolsun! Myratgeldi ÇARYÝEW.

39
39 30.11.2025
Rowaç ýolumyzyň röwşen şuglasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy taryhy ähmiýete eýedir. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şu syýasatyň netijesinde döwletimiz parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara abraýynyň ýokarlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Parahatçylyk hakynda gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndaky:  Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr —  — diýen setiri ýadyňa düşýär. Hakykatdanam, parahat, asuda, abadan durmuş geljekki nesillere iň mukaddes mirasdyr. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary bilen bütin dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda tutumly işleriň bady artýar. Çünki, durnukly ösüş ýoly gözbaşyny parahatçylykdan alyp, abadan geljegimiziň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Şu taryhy senä taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Halkara derejesinde toýy uludan tutuljak bu taryhy sene Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.  Atamyrat KÖSSEKOW.

1103
1103 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

890
890 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1138
1138 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

989
989 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1023
1023 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1095
1095 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

841
841 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1000
1000 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.