Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýaşlarda zähmetsöýerligi, watansöýüjiligi, ruhubelentligi terbiýelemekde degerli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýaş ýigitleri we gyzlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, olarda maşgala mukaddesligini terbiýelemek bilen bagly meselelere-de uly üns berilýär.
“Marygazçykaryş” müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat edarasynyň ýygnaklar jaýynda geçirilen “Päk zähmet — bagta badalga” atly duşuşygam ýokarda ýatlanan wezipelere bagyşlanyldy. Ony TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi ady agzalan edara bilen bilelikde gurap, oňa atlary agzalan guramalaryň we şu edaranyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Begli Ilmyradow, “Marygazçykaryş” müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat edarasynyň başlygy Emir Gowkyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Gülüstan Nuryýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlary barada edýän ýadawsyz aladalary, ýaş ýigitlerde we gyzlarda halal zähmete söýgüni, ruhubelentligi terbiýelemekde alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamaga gönükdirilen wagyz-nesihat çäreleri dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.
Kümüş ILMYRADOWA.








