Obasenagat toplumyny ösdürmek, ony ykdysadyýetiň iň bir düşewüntli pudagyna öwürmek şu günüň möhüm talaplarynyň biri. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu pudaga aýratyn üns berlip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň oba hojalyk pudagynda möhüm möwsümleriň biri bolan pagta ýygymy golaýlaýar. Şundan ugur alnyp, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň edermen, zähmetsöýer kärendeçileri hem öz ekerançylyk ýerlerinde göwnejaý işleri alyp barýarlar. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak altynyň bol hasylyny ýetişdirip, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Gowaça meýdanlarynda agrotehnika çärelerini dogry we düzgün geçirmekde, arassaçylyk we abadançylyk işlerini döwrüň talabyna laýyk alyp barmakda, hatararalaryny ýumşadyp, goşmaça iýmitlendirmek işlerini uly ussatlyk bilen ýerine ýetirýän kärendeçilere Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Garagum etrap komitetiniň ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy olary has-da yhlasly we tutanýerli işlemeklerine ruhlandyrýar.