Köp gezenden däl-de, köp görenden sora!
Ýagyşdan otlar gülleýär, aýdymdan — göwün.
Semiz goýnuň ömri gysga.
Akylla — yşarat, nadana — taýak.
Tanapyň uzyny ýagşy, gepiň gysgasy.
Akmak dost duşmandan ýaman.
Bilimden uly baýlyk ýok.
Bir ýyl tut eken kişi, ýüz ýyl hasyl ýygnar.
Tiken hem aýaga sebäpsiz çümmeýär.
Şaly bilen haşal otlar hem suwarylýar.
Kelle bolsa, telpek tapylar.
Nätanyş ýeriň çukury kän.
Gahar — duşman, paýhas — dost.
Güli söýýän tikenini hem söýmeli bolar.
Toplan
Hojageldi ATAÝEW.








