Pagta ýygymyna ak pata berildi
Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2-nji sentýabrda ýurdumyzda 2027-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişmäge,9-njy sentýabrda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň pagta ýygymyna başlamaga beren ak patasy esasynda şu gün Mary welaýatynyň edermen “ak altyn” ussatlaram il arasynda hormatlanylýan ýaşulularyň bissimillasy bilen ýetişdirilen bol, bereketli pagta hasylyny ýygnamak işine guramaçylykly girişdiler. Toprakdan dür öndürýän ussat pagtaçy daýhanlaryň durmuşyndaky şu gyzgalaňly hem-de jogapkärli pagta ýygymy möwsümine girişilmegi mynasybetli ilki bilen Mary welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda ýörite geňeş maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, welaýatyň etraplarynyň, şäherleriniň häkimleri, häkimleriň orunbasarlary, welaýatyň edara – kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daýhan birleşikleriniň başlyklary, ussat kärendeçiler, hormatly ýaşulular, Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda geçirilen maslahatda edilen çykyşlarda welaýatyň pagta meýdanlarynda ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny gysga möhletde, zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmakda welaýatyň pagtaçy daýhanlarynyň, ýer eýeleriniň öňlerinde durýan möhüm wezipeler birin-birin ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekerançy daýhanlarymyza tehnika, tohum, dökün, suw babatynda berýän bimöçber ýardam – goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabara gatnaşanlar Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, bu ýerdäki halkymyzyň geçmiş taryhyna degişli muzeý gymmatlyklary, Mary welaýat kitaphanasynda bolsa täze neşir edilen kitaplar bilen tanyş boldular. Soňra maslahata gatnaşanlar welaýat derejesinde pagta ýygymyna girişilýän ýer bolan welaýatyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň “ak altynly” atyzlarynyň gyrasyna bardylar. Dabara gatnaşanlar pagtaçylaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altynly” atyzlary höwes bilen synladylar. Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alyp beren kuwwatly hem ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlarynyň, kuwwatly traktorlarynyň, ýük awtoulaglarynyň “ak altynly” atyzlara ýaraşyk berip duran uzyn hatary hormatly ýaşulularda aýratyn buýsanç duýgusyny döretdi. Ýokary iş öndürijilikli bu pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny gysga möhletde hem-de zaýasyz ýygnap almakdaky ýokary mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanşan, billeri ak fartukly hormatly ýaşulular, daýhanlarymyza toprakdan bol hasyl almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atlaryna tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler. Döwletimiziň hemişelik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygynyň giňden toýlanylýan ýylynyň pagta hasylynyň ýygymyna bissimilla bilen başlap beren hormatly ýaşulularyň bu asylly hereketine hemmeler işjeň goşuldylar. Pagtaçy gyzlar hasyl ýygymyny giňden ýaýbaňlandyrdylar. Şeýlelikde, welaýatyň bol hasylyny güjeňläp duran “ak altynly” atyzlarynda daýhan zähmetiniň joşguny emele gelip, “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň pagta ýygymy giňden badalga aldy. Bereketli altyn güýzüň başynda atyzlarda göýä ak gunduz ýaly bolup açylan pagta hanalary bu günki dabara gatnaşýanlaryň begenç – buýsanjyny ýene bir gez artdyrdy. Welaýatyň bagtyýar ilaty hem-de edermen pagtaçy daýhanlary üçin hakyky baýramçylyga öwrülen bu günki dabarada welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň teatrlaşdyrylan çykyşy hemmelere ruhy lezzet berdi. Ýerine ýetirilen aýdymlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ýyl – ýyldan ösüşleriň täze belentliklerine çykýan asuda,erkana Watanymyz, Diýarymyzyň hemişelik Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 35 ýyllyk şanly baýramçylygy, “ak altyna” deňelýän ak pagta, pagtaçylaryň päk zähmeti, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň il – halk, döwlet hem-de bütin adamzat bähbitli rowaç işleri, dünýä nusgalyk başlangyçlary belent joşgun bilen wasp edildi. Dabarada welaýatyň iň saýlama tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren joşgunly tanslary giň,bereketli ekinzarlyga ýaň salyp, dabara gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Bu ýerde Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň işgärleriniň hem-de Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen tejribe-okuw maslahatynda hünärmenler çykyş edip, möwsümde ýygym tehnikasynyň,beýleki kämil tehnologiýaly oba hojalyk mehanizmleriniň saz,ýokary öndürjilikli işledilmegi dogrusynda öz gymmatly maslahatlaryny berdiler. Dabarada Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň hem-de Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri wagyz – nesihat çäresini geçirip, hasyl ýygymyna gatnaşýan mehanizatorlary ýygym möwsüminde ýol hereketiniň kadalaryny, ýangyn howpsuzlygyny doly we dogry berjaý etmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrdylar. Bu gün welaýatda hasyl ýygymyna girişilmegi mynasybetli guralan dabaranyň geçýän ýerinde ak öýler dikilip, hakyky baýramçylyk görnüşi emele getirilipdir. Welaýat oba senagat toplumynyň gaýtadan işleýji edara – kärhanalarynyň öndüren dürli azyk, çörek we gök, bakja, miwe önümleriniň bu ýerde guralan giň sergisi bazarlarymyzda döredilen azyk bolçulygynyň aýdyň alamaty bolup, dabara gatnaşýanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Amaly – haşam sungatyna, senetçilige degişli işleriň, muzeý gymmatlyklarynyň, nepisden – nepis haly we haly önümleriniň, ene – mamalarymyzyň on barmagynyň gudratyndan dörän el işleriniň, daýhançylykda ulanylýan iş gurallarynyň sergileri-de özüniň köp öwüşginliligi bilen hemmeleriň ünsini özüne çekdi. Dabarada gelin – gyzlaryň hamyr ýugrup, tamdyra çörek ýapyp, pişme bişirmekleri, dürli tagamlary taýýarlamaklary baýramçylyga millilik ruhuny çaýdy. Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýunyň giňden toýlanylýan ýylynda Mary welaýatynyň pagtaçy daýhanlary bir ýüz altmyş iki müň gektar meýdana gowaçanyň welaýatyň toprak hem howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly orta süýümli “Ýolöten – 7”, “Ýolöten – 39”, inçe süýümli “Ýolöten – 14” sortlaryny ekip, bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Olar şu ýyl üç ýüz elli dokuz müň tonna “ak altyn” hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmaklygy maksat edinýärler. Welaýatda şu ýyl pagta ýygymynda pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýeterlik möçberini işletmeklik meýilleşdirilýär. Welaýatyň medeni çäklerinde hem-de uzakdaky ýaýlalarynda ýetişdirilen bol, bereketli pagta hasylyny synlanyňda Mary welaýatynyň pagtaçy daýhanlarynyň arzyly sepgidi abraý bilen eýelejekdiklerine pugta ynam döreýär. Dabaradan soň üstüne şu ýylky ýetişdirilen “ak altyn” hasyly ýüklenen awtoulag kerweni Mary şäheriniň iki gyrasy kaşaň binalar bilen jäheklenen giň, görkana köçelerinden ýoluny dowam etdirip,welaýatyň Sakarçäge etrabyndaky her ýylda kyrk müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemeklige niýetlenen pagta arassalaýjy kärhanasyna bardy. Üsti hasyl ýükli awtoulaglary hormatly ýaşulular, kärhananyň işgärleri, pagtaçy daýhanlar garşy aldylar.Medeniýet-sungat işgärleriniň,beýleki dabara gatnaşýanlaryň bu ýere toý ýörişi bilen gelmekleri şu günki çäräniň aýratyn dabaraly pursatlary boldy. Bu ýerde dabara gatnaşýanlary teatr artistleri ak pagta bagyşlanan teatrlaşdyrylan çykyşy, welaýatyň aýdym – saz, tans toparlary belent heňlerde ýerine ýetirilýän aýdym – sazlar, döwrebap tanslar bilen garşy aldylar. Ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz döwletimizde geçen 35 ýylyň içinde gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler aýratyn joşgun bilen wasp edildi. Dabarada edilen çykyşlarda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli gutlag sözleri aýdylyp, ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli ýokary götermek ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna alkyş sözleri beýan edildi. Bu ýerde pagta ýygymynyň ilkinji gününde özleriniň şertnamalaýyn tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy hem dabaraly pursatlar boldy. Şöhratly geçmiş taryhymyzda dünýä medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, elleri çeper zenanlaryň nusgalyk el işleriniň, güneşe baý ülkämiziň bereketli topragynda pagtaçy daýhanlarymyzyň zähmeti bilen öndürilýän gymmatly pagta hasylyndan işlenilip çykarylýan dokma önümleriniň sergileri dabara aýratyn bezeg berdi. Dabarada täze hasylyň ilkinji tonnalarynyň kärhana tabşyrylyp, gaýtadan işlenilip başlanylmagy,ýaşuly nesliň wekilleriniň bolsa ony ýüzlerine sylyp garşy almaklary şu günki çäräniň şatlyk – şowhunyny has-da artdyrdy. Ýeri gelende aýtsak, Mary welaýatyndaky “Marypagta”önümçilik birleşiginiň dokuz sany pagta arassalaýjy kärhanasy hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň otuz bäşisi şu ýyl welaýat boýunça ýetişdirilen pagta hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige hem-de ony gaýtadan işlemeklige birkemsiz taýýar edildi. Mary welaýatynyň ussat pagtaçy daýhanlary toprakdan bol hasyl almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atlaryna alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Harmanyňyza bereket, Mary welaýatynyň edermen pagtaçy daýhanlary!
Soňra berlen toý sadakasynda okalan aýat-töwirlerde il agzybirligi ýurt abadançylygy,türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagy dileg edildi.
Sapardurdy Ýaýlyýew.