Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti ösüş-özgerişli ýol bilen bedew batly öňe barýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary zähmet öndürijiligi üpjün edilýär. Şeýle ösüş depgini milli ykdysadyýetimiziň himiýa senagaty pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Pudagyň kärhanalarynda işler talabalaýyk guralyp, mineral dökünlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň oba hojalygynyň depginli ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Gürrüňi edilýän meselede “Maryazot” önümçilik birleşiginde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda belent sepgitlere ýetilýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýy belleniljek ýylyň geçen alty aýynda bu ýerde ammiak selitrasyny öndürmekde meýilnamada bellenilen 46 müň tonna derek 47 müň 750 tonna ammiak selitrasy öndürilip, meýilnama 103,8 göterim amal edildi. Kärhananyň hünärmenleridir işgärleriniň gazanýan üstünligi bu ýerde önümçiligiň ýokary talaplara laýyk guralýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem önümçilik birleşigimizde tehnologiki düzgün-nyzamyň berk berjaý edilip, howpsuz zähmetiň üpjün edilmegi hemişe derwaýys mesele bolup durýar.
Önümçilik birleşigimizde ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyna saldamly goşant goşýan önümçiligiň öňdebaryjylary barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Olardan bölümiň başlygy Bekmyrat Ýagşyýew, mehanik Abdylnyýaz Allanepesow, operator Gurbandurdy Çaryýew, çyzyjy konstruktor Babajan Tirkişow kärdeşlerine nusgalyk görelde görkezýärler. Işçilerimiz özleriniň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky edilýän aladalara döredijilikli zähmeti bilen jogap bermäge çalyşýarlar.
Allanur PORSYÝEW.








