Ýurdumyzda ýaş nesillere terbiýe, bilim bermekde ençeme işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle amatly şertlerden peýdalanýan mugallymlar okuwçylaryň sowatly, bilimli bolup ýetişmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Mugallymlar Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, okuwçylara döwrebap bilim berýärler.
Okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanyp, ýaşlara bilim berýän mugallymyň yhlasly zähmetiniň netijesinde sowatly ýaşlar kemala gelýär. Olar ýurdumyzda we dürli döwletlerde geçirilýän ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Munuň özi mugallymyň yhlasly zähmetiniň datly miwesi bolup durýar.
Şirinjemal HOMMODOWA.








