Adamyň gowy häsiýetini öwren!
Birine bir gep aýtjak bolsaň, kän gün oýlan, pikiriň üýtgeýän wagty bolýar.
Goýnuň biraýlyk çagasy guzy, iki-üç aýlygy berre, dört aýlygy tokly bolarmyş.
Sygryň gölelemeýänine gysyr, goýnuň guzlamaýanyna ýoz diýýärler. Sesi çykmaýan goýna yňramaz diýýärler.
Ýa dür saç, ýa agzyňy ýumup geç!
Tüsse dik gitse, howa gowy bolýar.
Är-aýal biri-birini tanaýança bir ömür azmyş.
Pişikdyrnagy (tikenli ot) köwläp gutarmarsyň, gögerenini Gün görkezmän çap, özi gider.
Goýnuň hamy bilen möjegiň hamyny bir ýerde bile goýanmyşlar welin, goýnuň hamynyň ýüňi düşenmiş.
It bilen möjekden bolan çaga nesil berenokmyş. Şonuň üçin “Möjekler itler maşgalasyndan däl” diýýärler.
Ussadyňdan öýkeleme!
Toplan
Esenmyrat BERDINAZAROW.








