Eje-kakaňa akyl berme, ussanyň pil ýasany bar, piliň ussany ýasany ýok. Ejeň-kakaň seni ýaratdy.
Agzy ýellini Hudaýam halaýan däldir.
Aç kişi bilim almaz.
Adam bile ýaşaşsaňam tanatmaz.
Üşäp geleni birbada ýyly ýere eltenoklar.
Ýeralma doňan bolsa ýabyň sowuk suwunda saklaýarlar. Doňy çözülýär.
Dabanyň üşese gözüňe zelel.
Gözüň bilen göreniňe-de ynanyberme, gözem käwagt aldaýar, hakykat gizlin bolýar.
Doganyň bolsa-da, seýrek bar. Ýanynyň ýady bar.
Irginsiz adam ussa bolar.
Mis jaňyň sesine howadaky mikroblar gorkup gaçýarmyş.
Çaga kä zady dogmanka ejesinden öwrenýär.
Gowusyraýandan häzir bol!
Hökman aýtmaly zady aýt, ýöne aýtjak ýeriňi bilip aýt!
Toplan
Esenmyrat BERDINAZAROW.








