Nesillere “Nesihatnama” atly ajaýyp kitaby miras galdyran Aryf XIX asyr türkmen edebiýatynyň wekilleriniň biridir. Şahyryň öwüt-ündewlere ýugrulan goşgulary “Nesihatnama” ady bilen ýurdumyzyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan 1973-nji ýylda çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Kitapdaky terbiýeçilik ähmiýetli nesihatlar hiç bir adamy-da biparh goýmasa gerek.
Aryf, sözüň uzagyndan gysgasy,
Ýagşydyr, ulaltma, gider mazasy.
***
Bir söz diýse, saňa bir näkes nadan,
Indemeseň, bolar älem gülüstan.
***
Ýagşy kişi belli bolar her jaýda,
Sözün makul sözlär, ýygynda, toýda.
***
Ýagşy aýal bu dünýäde jennetdir,
Ýamany dowzahdyr, başa mähnetdir.
***
Hassa bolsaň, ýagty jahan zyndandyr,
Jany saga mydam toýdur bu dünýe.
***
Adama asmandan agyr,
Bilseň nähak töhmet bolar.
***
Ten — sagatlyk, ýagşy ogul,
Bilseň, uly döwlet bolar.
***
Bir asly ýagşy ýigidiň,
Agzyndan bijaý söz çykmaz.
***
Ýagşy söz bir ganda meňzär,
Ýa bir abat kende meňzär.
***
Her arwana agyr ýüki götermez,
Elbetde, hatarda ner bolsa ýagşy.
Toplan
Annamyrat BERDIMYRADOW.








