Şu gün Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Medeniýet öýünde Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda ýurdumyzda her ýylyň 14-nji dekabrynda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň bu möhüm pudagynyň Mary welaýatyndaky edara – kärhanalarynyň öňdebaryjy hünärmenleridir işçileri, talyp ýaşlar dabaranyň hormatly myhmanlary boldular. Gazçylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pudagyň işgärleriniň öňlerinde goýýan tabşyryklary esasynda täze gaz ýataklaryny ýüze çykarmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, “mawy ýangyjy” sarp edijilere ýetirmek boýunça tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýylyň on bir aýyny üstünlikli jemlän gazçylar häzirki günlerde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemek üçin öz zähmet gadamlaryny has-da batlandyrýarlar. Dabarada çykyş edenler şu ýyl uglewodorod çig malyny çykarmakda “mawy ýangyjy” daşary bazarlara eksport etmekde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda buýsanç bilen aýdyp, dünýä ýüzünde kuwwatly energetika döwlet hökmünde giňden ykrar edilen ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek barada taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Baýramçylyk dabarasynda Nebitgaz Senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli “Marygazçykaryş” müdirliginiň we pudagyň beýleki edara – kärhanalarynyň öňdebaryjy işgärlerine Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy şu günki çäräniň iň bir dabaraly pursatlary boldy. Baýramçylykda şäheriň medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym – sazly çykyşy ýaýbaňlandyrylyp, belent heňlerde ýerine ýetirilen aýdymlarda, joşgunly tanslarda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşy, gazçylaryň päk zähmeti, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il – halk, döwlet hem bütin adamzat bähbitli belent tutumly işleri giňden wasp edildi.
Azat Beglanow.








