Haýran galaýmaly. Ýer togalagyndaky halklar yklymlaryň dürli ýerlerinde ýaşap, dürli şiwelerde gürleşýärler. Olar tebigatyň hem-de adamzat ähliniň döreden zatlarynyň hemmesine öz sözleýiş äheňlerinde at dakýarlar. Meniň özüm halklaryň şeýle aýratynlyklary bilen gyzyklanyp ýöremsoň metbugat materiallaryna seredip otyrkam aşakdaky agzan atlarymyň meňzeşliklerine gabat geldim. Şol atlary halkymyza bolşy ýaly geçirmekligi özüme müwessa bildim. Ol hem biziň dünýä halklarynyň dilleriniň senasy, adamzat ýaşaýşynda iň zerur, özem ýerini hiç bir azyk önümi bilen çalşyp bolmajak nanymyz bilen atdaş tebigy gurşawyň wekilleridir.
“Nan” — taý halkynyň dilinde «köp”, “köplük” diýen manyny aňladýar. Beýle diýilmeginiň sebäbi taryhyň gatynda Nana şäheri Bangkokyň bir bölegi bolup, ol ýere adamlar özleriniň filosofiki pikirlerini seljermek üçin ýygnanyşypdyrlar.
Nan — Taýland döwletiniň demirgazygynda bir şäher;
Nan — Taýland döwletiniň demirgazygynda bir prowinsiýa;
Nan — Taýland döwletinde bir derýa;
Nan — Fransiýa döwletiniň Aweron departamentinde bir jemgyýet, gurama (birnäçe dürli manyda bolup, esasan gündelik gepleşikde «ýok» diýmegi aňladýar);
Nan — biziň eýýamymyzdan öňki 1 müň ýyllykda Italiýanyň demirgazyk — günbatarynda ýaşan liguriýa halkynyň patyşasynyň ady (kelt dilinde — “nanto” bolup — “jülge adamy”, “akaba”, käbir taryhçylar şol wagtky ýerli halkyň dilinde “ata” ýa-da “baştutan” diýen manylary aňladýar diýip, düşündirýärler).
Internet hem-de metbugat materiallary esasynda taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.








