Aslynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz biz, mugallymlara iň gymmatly hazynasy bolan ýaş nesliniň bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmegini ynanýar. Bu iňňän jogapkärli wezipe. Onuň jogapkärçiligi ertirimiziň eýeleri boljak nesliň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, halal adamlar bolup ýetişmegi biziň şu günki zähmetimize bagly. Hormatly Prezidentimiziň nesil terbiýesine uly ähmiýet berip, ony hemişe üns merkezinde saklaýandygam bu meseläniň wajypdygyny aňladýar. Şeýle wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegem uly borç bolup durýar.
Şu borç duýgusyndan ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary ajaýyp zamanamyzyň mynasyp nesillerini terbiýelemekde gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleriniň düýpli ýokarlandyrylmagy bizi has döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Men himiýa-biologiýa dersleri boýunça okuwçylara bilim berip, geçýän her bir sapaklarymyň täsirli bolmagy ugrunda ykjam aladalanýaryn. Işiň netijesi bolsa mugallymyň ukyp-başarnygyna, sapagy täsirli gurap bilşine, yhlasyna bagly. Himiýa-biologiýa derslerinden sapak geçilende tehniki serişdeler, okuw-görkezme esbaplary aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi, “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen nakyl bar. Mysal üçin, himiýa dersinden geçirilýän dürli tejribeler, barlaglar okuwçylarda uly täsir galdyrýar. Ýa-da biologiýa dersinden gök ekinleriň gögerişi barada sapak geçilende, şol ekinleriň tohumlaryny bankalarda şineledip, okuwçylara görkezýärsiň welin, gysgajyk gürrüňde-de sapak öz maksadyna ýetýär.
Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hili ýokarlanýar. Öňdebaryjy iş tejribeleri giňden peýdalanylyp, kämil kompýuterlerdir multimediýa tehnologiýalary işiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Bularyň hemmesem mynasyp nesli ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Göwher KAKYŞOWA.








