Golaýda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň, “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň bilelikde guramaklarynda “Wirtual muzeýleriniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahatda TDP-niň şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Bibihatyja Hatamowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň müdiri Sytdyh Rahmanow we muzeýiň ylmy işgärleri Dünýägözel Gurbanjumaýewa, Bägül Begliýewa, “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň başlygynyň orunbasary Annamyrat Orazow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda muzeýde ýerleşdirilen gadymy tapyndylaryň ýaş nesillerimize öwretmekde ähmiýetiniň ulydygy barada nygtadylar. Şeýle hem muzeý işini has-da ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin durup geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda muzeýiň gymmatlyklarynyň bölümlerine gezelenç guraldy we şol ýerdäki gadymy tapyndylar barada çärä gatnaşyjylara gürrüň berdiler.
Şemşat SAÝLYÝEWA.