Berkarar Döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň „Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany“ diýilip, yglan edilmegi mynasybetli Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ,,Bedew batly Garaşsyz Bitarap Watan” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Bu serginiň dabaraly açylyş çäresine Mary welaýat Ýaşulylar we zenanlar guramasynyň agzalary paýhasly gojalar, mährem eneler, Mary şäher ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary welaýat we şäher kitaphanasynyň işgärleri, muzeý işgärleri şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Soltan Sanjar adyndaky 3-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar. Halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhynyň, gadymy gymmatlyklarynyň we edebi mirasynyň özboluşly aýratynlyklary we milli medeniýetimiziň ýeten belent derejeleri barada söz açýan bu sergi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Sergide ussat heýkeltaraşlaryň döreden sungat eserleri, eksponatlary, ýaş we halypa suratkeşleriň türkmen bedewiniň waspyny ýetirýän täsin suratlary, Gahryman Arkadagymyzyň bedew aty bilen baglanyşykly ajaýyp eserleridir, kitaplary we milli şaý sepleriň nusgalyk görnüşleri ýerleşdirilipdir. Muzeý işgärleriniň taryhy gymmatlyklar baradaky beren gyzykly gürrüňleri bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy hem-de olaryň şan-şöhraty dünýä ýaýran türkmen bedewlerimize bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.
Nurjahan Mämmedowa.








