“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä tanatmakda nusga alarlyk işler alynyp barylýar. Halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklaryna , milli medeniýetine , däp-dessuryna daýanyp ,ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmakda-da birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda talyp ýaşlar we guramanyň işgärleriniň we işjeň agzalary bilen gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşan ýaşlar muzeýiň ähli bölümlerine aýlanyp, tebigatyň täsinliklerini we gadymdan gelýän däp – dessurlarymyz , milli gymmatlyklarymyz hem-de köp asyrlyk taryhymyz bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar özleriniň birnäçe gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar. Gezelenje gatnaşanlar Milli medeniýetimizi ,taryhy geçmişimizi öwrenmäne we dünýä ýaýmaga nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maýa Annameredowa.








