Halkymyzyň şöhratly bäş müň ýyllyk taryhynyň ähli döwürlerinde «behişdi» bedewlere aýratyn hormat bilen garalypdyr. Ahalteke aty gaýtalanmajak owadanlygy we gözelligi bilen diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş adamzat nesliniň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedewe – çuňňur hormat» atly sergi açyldy. Sergä ilkinji bolup Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary geldiler. Sergide tanymal suratkeşleriň ýöne ýere asyrlarboýy «asman atlary» diýlip atlandyrylmaýan bedewleriň gözelligini we ajaýyplygyny beýan edip çeken suratlar goýlupdyr.
Ata-babalarymyz atyň eýerini tagtdan ýokary tutupdyrlar; olar atlaryny zer-ziwer we haly-palas bilen bezäpdirler. Serginiň guramaçylary ahalteke atynyň ussatlyk bilen ýasalan gadymy esbaplaryna aýratyn üns beripdirler. Bu ýerde eýer, üzeňňi, jylaw, gamçy, toýry, uýan, çapyksuwar jamy we nal ýaly at esbaplaryny görmek bolýar – bu muzeý gymmatlyklarynyň hemmesi ammarlarda yhlas bilen saklanýar. Göwüsbent, gaýyş çeki, maňlaýlyk, boýunbag we tumar ýaly at şaý-sepleri hem görkezilipdir.
Aýratyn gymmatlyklar topary – seçekli dokma basyryklar, eýerlik, derlik, at torbalary, horjunlar, keçeden edilen jullar sergini has-da baýlaşdyrdy.
At söýüjiler türkmen halkynyň wepaly dosty ahalteke atyny müňlerçe ýyllap bezän gymmatly eksponatlaryň her biri bilen içgin gyzyklandylar.
Serginiň başga bir ýerinde häzirki zaman ussalary tarapyndan döredilen at zynatlary görkezilýär. Ajaýyp at esbaplary türkmen zergärçilik sungatynyň depginli ösüşine we gadymy döwürlerden bäri saklanyp galan aty mynasyp bezemek islegine şaýatlyk edýär. Sergide türkmen bedewi hala dokalan we heýkel görnüşinde hem görkezilýär. Däp boýunça, serginiň açylyşy myhmanlaryň çykyşlary bilen utgaşdy. Olar öz çykyşlarynda atyň türkmeniň kalby, baýramlaryň bezegi, halkymyzyň buýsanjy we şöhratydygyny nygtadylar. Onuň gaýtalanmajak görnüşi ýurdumyzyň Döwlet nyşanynda şekillendirilendir.
Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenmegi ahalteke atlaryna döwlet derejesinde goýulýan hormatyň alamatydyr.