Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat,şäher,etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň Mary goşun galasynda ýerleşýän harby bölümleri bilen bilelikde gurnamaklarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň Mary goşun galasynda ýerleşýän harby bölümleriniň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu gezelençde muzeýde saklanylýan taryhy gymmatlyklarymyz bilen ýakyndan tanyşdylar. Harby gullukçylar taryhda türkmen esgerleriniň ulanan söweş gurallary, olaryň esger lybaslary, Gadymy Merw döwletinde döredilen binalar, galalar, olaryň döreýşi we ýerleşişi baradaky gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňlediler. Muzeýde ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklarymyz, ata-babalarymyzyň Watan goragyndaky söweşlerde görkezen gahrymançylyklary dogrusyndaky gürrüňler serhetçilerde ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Maýa Annameredowa.








