Ynsan ömründe şeýle bir yz galdyrýan adamlar bar, olaryň ady tutulanda kalbymyzda mähir, aňymyzda bolsa minnetdarlyk duýgusy oýanýar. Bu mukaddes adyň eýesi mugallymdyr. Mugallym — akyl-paýhas açarynyň eýesi, okuwçylaryň terbiýe mekdebidir. Ol okuwçy, çaga üçin ikinji ene-ata hasaplanylýan ynsan. Bu mähriban ynsanyň çaga berýän mähri, yhlasy, söýgüsi, bilimi, terbiýesi iň uly baýlykdyr. Şeýle ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän mugallymlaryň biri-de, Mary şäherindäki 13-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Maýa Ataýewadyr.
Maýa mugallym 40 ýyl bäri mugallymçylyk kärinde zähmet çekmek bilen, okuwçylara taryh dersi boýunça bilim berýär. Asyllylygy, mylaýymlygy, sabyrlylygy, bilimliligi bilen kärdeşleriniň hem-de ene-atalaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýan mugallym okuwçylara taryh dersini öwretmekde yhlasyny gaýgyrman işleýär. Mugallymyň çekýän çäksiz zähmetiniň ýokarydygyny bolsa, onuň okuwçylarynyň gazanýan üstünliginden görmek bolýar. Maýa mugallym taryh dersini okatmak bilen bir hatarda mekdebiň häzirki 12-nji “A” synpyna ýolbaşçylyk edýär. Ol okuwçylaryň diňe bir bilimli däl, eýsem, terbiýeli, ata Watanymyza wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmeginde janaýaman zähmet çekýär.
Sözümizi orta mekdebiň uçurymy Mähriban Hojanyýazowanyň mähriban mugallymy Maýa Ataýewa bagyşlap ýazan alkyşly goşgy setirleri bilen jemläp, halypa mugallyma bu ajaýyp durmuşda has bagtyýar günleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Ýyllarboýy bilim alanym üçin,
Mähriban mugallym, Size minnetdar!
Durmuş sary ýola salanyň üçin,
Mähriban mugallym, Size minnetdar!
Biz — uçurym, uçýas bu gün guş bolup,
Alkyş aýdýas bütin deňi-duş bolup,
Ýatlarys biz Sizi baky hoş bolup,
Mähriban mugallym, Size minnetdar!
Sülgün ŞADYÝEWA.








