Bilşimiz ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, geçen Halkara we parahatçylyk ýylynyň jemini jemledi. Şu möhüm waka mynasybetli TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi we TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan maslahat geçirildi. Etrabymyzyň medeniýet öýünde geçirilen maslahata atlary agzalan guramalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow çykyş etdiler. Olar 2025-nji ýylyň jemine bagyşlanan mejlisde bellenilişi ýaly, geçen ýylyň ýokary zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenendigi barada gürrüň etdiler. Şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öňümizde has jogapkärli wezipeleriň durýandygy dogrusynda durup geçdiler.
Parahat HAŞYMOW.








