Ene toprak zähmet çekip, alyn derini siňdirýäne öz berekedini bolluk bilen eçilýär. Topragyň bir dänäňi müň edip gaýtarýandygyna örän gowy düşünýän ýer eýeleri tutanýerlilik bilen zähmet çekip, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar.
Daýhançylykda her bir möwsümiň öz aýratyn aladasy bar. Diýarymyza ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen kärendeçi daýhanlaryň zähmet aladalary has-da artýar. Ak bugdaýyň idegini ýetirmek bilen birlikde öňünden sürüm, tekizleşik, geriş çekmek, suw tutmak işleri geçirilen ýerlerde ýokary hilli gowaça ekişini geçirmek pagtaçy kärendeçileriň öňündäki esasy wezipe bolup durýar. Jogapkärli möwsüme taýýarlykly gelen ýer eýeleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň pagta hasyly üçin hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Şu günlerde tejribeli mehanizatorlaryň kuwwatly tehnikalara ussatlyk bilen erk etmegi netijesinde gowaça ekişi möwsümi bökdençsiz dowam etdirilýär. Ekişiň ýokary hilli geçirilmeginiň kadaly gögeriş gazanylmagynda ähmiýeti örän uludyr.
Daýhanlaryň ýokary iş öndürijilikli döwrebap tehnikalary we gurallary bilen üpjün edilmegi, olara mineral dökünleriň, ýokary hilli tohumyň, zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahadan berilmegi, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki gök ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär. Özleri hakynda edilýän aladalara kärendeçi daýhanlar zähmet üstünlikleri bilen jogap bermäge çalyşýarlar. Her bir kärendeçiniň maksady üstümizdäki şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uludan baýram ediljek ýylynda hem öndürijilikli zähmet çekmek bilen oba hojalygynyň ösmegine mynasyp goşant goşmakdan ybarat.
Biz hem hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen tutanýerli zähmet çekip, oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň has-da artdyrylmagyna goşant goşýan merdana daýhanlara hemişe üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.








