Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň bady artýar. Golaýda Baýramaly şäher bilim bölüminde şäher prokuraturasynyň şäher bilim bölümi bilen guran wagyz-nesihat çäresi ýokarda ýatlanan meselä bagyşlanyldy. Oňa şäher prokuraturasynyň, şäher bilim bölüminiň işgärleri, orta mekdepleriň müdirleri, mugallymlar gatnaşdylar.
Çärede şäher prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Mekan Annamyradow, şäher bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary, müdiriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ahmet Mommakow, şäherdäki 2-nji, 13-nji orta mekdepleriň müdirleri degişlilikde Kümüş Paýtykowa, Orazmyrat Wallykow çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ulgamda kanunçylygyň berjaý edilişi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaş nesle durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde öňde durýan wezipeler dogrusynda durup geçdiler.
Döwlet ÖWEZMYRADOW.








