“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at myradyň-mekany” ýyly mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde Wekilbazar etrap häkimliginiň medeniýet bölüminiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň gurnamagynda hem dabara geçirildi. Etrap merkezindäki “Ýüpek kerwen”toý mekanynda “Mirasyma hormatym bar,sarpam bar” atly geçirlen medeni çärede Wekilbazar etrap medeniýet bölüminiň halk döredijilik merkeziniň medeniýet işgärleri çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň nilli medeniýetimizi we edebi mirasymyzy ösdürmek barada edýän aladalaryna mynasyp iş bilen jogap berýän medeniýet işgärleriň aýdym-sazly çykyşlary özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlandy. Bu ýerde ýerne ýetirilen folklor çykyşlarynda ene-mamalarymyzdan miras galan nusgalyk el işleri, milli şaý seplerimiz görkezilip olar täze öwüşgine, many-mazmuna eýe boldy. Bagşy sazandalaryň,ussat aýdymçylaryň çykyşlarynda bolsa Hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde amala aşyrýan rowaç işleri, ýylyň döwrebap atlandyrlan şygary astynda gazanylýan üstünlikler we ajaýyp döwrümiz joşgunly wasp edildi.
Çarymuhammet Saparow.








