Medeni miras — bu perzendiň üstünde kökenek gerýän türkmen enesiniň hüwdüsidir, agras türkmen gojasynyň pendi-nesihatydyr. Miras— — bu türkmeniň şan-şöhratdan doly geçmişine buýsanjydyr, şu gününe söýgüsidir, ertirine ynamydyr. Mahlasy, medeni miras türkmeniň geçmişidir, barlygydyr, dowamatydyr. Enelerimiziň nesilden-nesle geçip gelen nusgalyk el işleri halkymyzyň milli medeniýetini, däp-dessurlaryny açyp görkezýär. Olaryň görnüşleri taryhy döwürlerden gözbaş alyp, kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Biz şol gymmatlyklarymyza guwanmaga, olaryň görnüşlerini gaýtadan, täze döwrebap görnüşde dikeltmäge borçludyrys.
Geçmişde enelerimiz tarapyndan dürli keteni, mahmal, begres, çepbetow, maldaýy matalary dokalyp, olardan milli donlaryň käbir görnüşleri tikilipdir. Olar “çabyt”, “pagtaly don”, “baldyz çäkmen”, “daraýy don” atlary bilen bellidir. “Mahmal don” ýönekeý tikilip, onuň teňňeler, çaprazlar bilen bezelen görnüşleri hem bar.
Milli donlarymyzyň biri hem “küleçe” donudyr. Küleçe gadymy söz bolup, “küle ýeri” ýa-da “gepiň külesi” diýmegi aňladýar. Küleçe donlarynyň biçüwi beýleki donlaryňka meňzeş bolsa-da, boýy we ýeňi, adyndan belli bolşy ýaly, biraz gysgarak bolupdyr. Şonuň ýaly-da, onuň bezegi, nagyş salnyşy beýlekilerden tapawutly bolýar. Küleçe mata böleklerinden düzülen üçburçluklar bilen bezelýär.
Şu günki günde enelerimiz, hatda gyz-gelinlerimiz “küleçe” donuny täzeçe bezegler bilen bejerip geýýärler. Ýurdumyzda her welaýatyň özüne degişli bejerilen nagyşlary, halaýan biçüwleri bar. Gymmatlyga öwrülen milli senedimiziň eýeleri bolan mähriban enelerimiziň el bilen eden işleri muzeý ekspozisiýalarynda we gaznalarynda aýawly saklanylýar. Biz gülleýän Watanymyzda zenanlarymyzyň edýän el işleriniň has-da kämilleşip, asyrlara aşmagyny arzuwlaýarys.
Ajaýyp Watanymyzda milli mirasymyzy dowam etdirmekde, dünýä ýaýmakda bitirýän mukaddes işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris.
Bahargül HOJANYÝAZOWA.