TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrabyň merkezi kitaphanasy bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. “Gözellik we edep: milli ýörelgeleriň dowamaty” atly bu çäre etrabyň merkezi kitaphanasynda guraldy. Oňa atlary agzalan guramalaryň we etrabyň merkezi kitaphanasynyň, etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Onuň maksady milli mirasymyzy wagyz etmekden, okyjylar bilen aragatnaşygy has-da işjeňleşdirmekden ybarat boldy.
Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Laçyn Rahmanowa, etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Garryýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Sona Çopanowa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli mirasymyzy wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaşlarda kitaba höwes-söýgi döretmekde, olary merdana ata-babalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeler esasynda terbiýelemekde öňde durýan wezipeleriň üstünde durup geçdiler.
Gülkamar MUHAMMETDURDYÝEWA.








