Garaşsyz, Bitarap döwletimizde nesil terbiýesi çagalar baglarynda edilýän aladalardan gözbaş alýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda körpe nesilde milli medeniýetimize söýgi döredilýär. Körpelerde aýdym-saz sungatyna, tans etmäge, goşgulary labyzly okamaga höwesi terbiýelemäge uly üns berilýär. Etrapdaky 8-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen maslahat ýokarda ýatlanlarymyza bagyşlanyldy. Oňa etrapdaky çagalar baglarynyň müdirleri, terbiýeçileri we etrap bilim bölüminiň hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşykda etrapdaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Jeren Çaryýewa, 4-nji we 9-njy çagalar bakja-baglarynyň müdirleri degişlilikde Mamagül Meredowa, Gunça Hudaýkuliýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesil hakynda edýän aladalary, bu möhüm mesele bilen bagly durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň etdiler. Geljekki nesillerde körpelikden milli medeniýetimize söýgi-höwesi terbiýelemäge gönükdirilen tagallalar dogrusynda durup geçdiler.
Muhammetberdi KUŞIÝEW.








