Milli döwletlilik ýörelgeleriniň we belent sepgitleriň dabaralanmagy
weather mary 26° C Mary
weather mary 26° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Milli döwletlilik ýörelgeleriniň we belent sepgitleriň dabaralanmagy

38 04.08.2026

  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat hem-de Şatlyk şäher birleşmeleriniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu berde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Halk maslahatynyň ähmiýeti we onuň milli döwletlilik ýörelgelerimize esaslanyp geçirilýänligi dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ulgamlarda gazanylan belent sepgitler hem-de Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda diýarymyzy has-da ösdürmekde belent geljegi nazarlaýan ajaýyp işler barada hem aýratyn nygtaldy. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzy ösdürmekde beýik tutumly işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Merjen Çaryýarowa.

Suratlar

3
3 07.08.2026
Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan

Golaýda Murgap etrap häkimliginiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýünde “Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan” ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyldy. Duşuşyga etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Laçyn Rahmanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Aýdursun Annagylyjowa, etrap medeniýet öýüniň işgäri Güljan Nurýagdyýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Akjemal REJEBOWA.

3
3 07.08.2026
Taryhy özgertmeleriň gözbaşy

Golaýda etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrap bilim bölümi bilen maslahat geçirdi. Bu maslahatda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly durmuşa geçirilmeli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, ýokarda atlary agzalan guramalaryň we edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklyka, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýandygy, döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygy, Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere ykrarlydygyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň etdiler. Häzirki wagtda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçdiler. Babajan MUHAMMEDOW.

3
3 07.08.2026
Zenan mertebesi — zynat

Etrap häkimliginiň mejlisler zalynda gelin-gyzlarda türkmen zenanyna mahsus edep- ekramlylygy, milliligi terbiýelemek maksady bilen “Zenan mertebesi — zynat” atly wagyz- nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TMÝG-niň etrap geňeşi etrap häkimligi bilen bilelikde gurap, duşuşyga etrapdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Annagül Orazsähedowa, etrapdaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Nurgözel Muhammedowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar Watanymyzda türkmen zenanlaryna goýulýan sylag-sarpa, olaryň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda edilýän aladalar barada gürrüň etdiler. Zähmetsöýerligiň, edep-ekramlylygyň, maşgala ojagyna wepadarlygyň zenan bezegidigi dogrusynda durup geçdiler. Ogulbagt AMANMYRADOWA.

5
5 06.08.2026
Ýeňil atletikaçylar bäsleşdiler

Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmekde degerli işler alnyp barylýar. Indi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýan türgenleriň sany ýylsaýyn artýar. Sport mekdebimizde ýaşlaryň onlarçasy tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Aýratynam, ýeňil atletikaçylarymyzyň şowly çykyşlaryny ýatlamalydyrys. Golaýda Murgap etrabyndaky sport desgasynda ýeňil atletika boýunça welaýatda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirildi. Welaýat derejesinde guralan ýaryşa etraplardan we şäherlerden toparlaryň 7-si gatnaşdy. Örän çekeleşikli geçen toparlaýyn ýaryşda türgenlerimiz 3-nji orna mynasyp boldular. Şahsy ýaryşda türgenlerimiz üstünlikli çykyş etdiler. Ýeňil atletikaçylarymyz Serdar Perhadow, Pälwan Çarygeldiýew, Seýran Perhadow, Muhammet Röwşenow, Umyt Arslanow has tapawutlanmagy başardylar. Rahat AŞYROW.

3
3 06.08.2026
Halkara hukugy —kanunçylygyň, adalatlylygyň ýörelgesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüş-özgerişli menzilleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylda has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty BMG we iri halkara guramalary, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we giňden goldanylýar. Şol beýik başlangyçlar bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyryp, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly hyzmatdaşlygy we dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmaga gönükdirilendir. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Has takygy, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamany Milletler Bileleşigine agza döwletleriň 78-si goldady. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň äşgär edýär. Görşümiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň bütin dünýäde uly goldaw tapýandygyny aýdyň görkezdi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde halkara abraýynyň täze belentliklerine çykýandygyna subutnamadyr. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly daşary syýasaty rowaç alyp, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýynyň ýokary göterilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň özenini Ýer ýüzünde howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de döwletleriň arasynda ykdysady-söwda, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmek düzýär. Halkara ähmiýetli başlangyçlarda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň adyndan eden teklibi biragyzdan goldanylyp, BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen bu başlangyç şanly ýylymyzyň taryhy wakasy boldy. “Maru — şahu jahan”.

3
3 06.08.2026
Geňeşli il myrada ýeter

Däp bolşy ýaly, her ýyl Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Halkymyzda “Maslahatly il myrada ýeter”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähimler bar. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda möhüm çözgütleri köpçülik bilen maslahatlaşyp kabul etmegiň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Ýurduň abadançylygy, ösüşi, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady kadalary bilen bagly çözgütleriň ählisi il-gün bilen geňeşilip kabul edilipdir. Munuň özi döwleti dolandyrmagyň adalatly, demokratik nusgasy bolup, ýaşuly nesliň durmuş tejribesine, halk köpçüliginiň bähbitleriniň nazara alynmagyna esaslanypdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem milli demokratik däplerimiziň müňýyllyklaryň synagyndan geçen tejribesiniň häzirki döwrüň talaplaryna kybap getirilip, jemgyýeti dolandyrmagyň täze milli nusgasydyr. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan wekiller, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, işewürler, işçiler, daýhanlar, alymlar, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler girýär. Şeýle giň gerimli wekilçilik kabul edilýän çözgütleriň il-günüň bähbidine gyşarnyksyz eýermegini şertlendirýär. Ýakynda Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri öz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe, şol sanda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bitirilen işler, ýetilen belent sepgitler barada aýtdy. Gahryman Arkadagymyz bu üstünlikleriň, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginde, jebisliginde gazanylandygyny nygtady. Milli Liderimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň netijeleri jemlener. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenip, öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Hakykatdan hem bu gün türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bir supra jemlenip, döredijilikli zähmet çekip, bagtyýar, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýat şäher, etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle hem syýasy partiýalaryňdyr jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir tagallalary esasynda umumymilli foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürýän, halkara abraýyny arşa göterýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! Kakageldi GURBANOW.

3
3 06.08.2026
Şanly ýylymyzyň ýeňişli gadamlary

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň özenini parahatçylyk, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz ählumumy meseleleri çözmekde, sebitara durnuklylygy berkitmekde hem-de medeni-ynsanperwer köprüleri gurmakda dünýä giňişliginde nusgalyk görelde görkezýär. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen çäklenmän, ählumumy ösüşe hyzmat edýän giň gerimli taslamalary öz içine alýar. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Umuman, Türkmenistanyň daşary syýasat sahypalary ýyl-ýyldan täze taryhy üstünlikler bilen baýlaşýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ynamly ädimleri halklaryň we döwletleriň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de durnukly ösüşiň kepili bolup dabaralanýar. Uzukjemal HOMMADOWA.

4
4 06.08.2026
Daýhan hojalygynyň işi ileri

Ekleýjimiz bolan ene toprak derini saçyp, zähmet çekýäne bol miwesini, bereketli hasylyny eçilýär. Muňa oňat düşünýän ýer eýeleri toprak bilen iş salşyp, onuň dilini tapyp, gök-bakja, miwe önümleriniň bol hasylyny ýetişdirip, azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu babatynda döwletimiz tarapyndan hem ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek, oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýşyny gowulandyrmak boýunça alyp barýan tagallalary öz kärine yhlasly daýhanlaryňdyr telekeçileriň işlerine bolan höwesini has-da artdyrýar. Işine ukyply, zähmetsöýer Ogulşirin Ýazdurdyýewa hem çekýän zähmetiniň hözirini görýän telekeçileriň biri. Baýramaly etrabynyň ýaşaýjysy, işewür telekeçi Ogulşirin Ýazdurdyýewa 2011 — 2016-njy ýyllarda «Miwe nahal» daýhan birleşiginiň, 2016 — 2021-nji ýyla çenli Soltan Sanjar adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy bolup zähmet çekýär. Ondan soň Soltan Sanjar adyndaky daýhan birleşiginiň çäginiň 1250 gektar ýerinde daýhan hojalygyny döredýär. Eýelik edýän ýeriniň 250 gektarynda dürli miweli baglaryň birnäçe görnüşleriniň idegi ýetirilýär. Häzirki wagtda olaryň käbirleriniň miwesi sowulan hem bolsa, indi ýetişen düzüm-düzüm miwe hasyllaryny hem görmek bolýar. — Baglara hyzmat etmäge hemişe iş tapylýar. Ýagny, agaçlary timarlamak, iýmitlendirmek, suwarmak, zyýanly mör-möjeklerden goramak ýaly işleri yzygiderlilikde ýerine ýetirmeli bolýar. Baglaryň ýetişen hasylyny zaýasyz ýygnamak hem hysyrdyly zähmeti talap edýär — diýip, O.Ýazdurdyýewa gürrüň berýär. Şeýle-de, telekeçi zenan Döwran Gulamowyň, Abdyreýim Abdyreýimowyň ýakyn kömekçileridigini belleýär. Mundan başga-da, daýhan hojalygynyň ýerinde gök-bakja önümleri hem ýetişdirilip, ilatymyza hödürlenilýär. 380 gektar ýerde bereketli «ak altyny» ýetişdirmek, 450 gektar ýerde bugdaýyň täze hasyly üçin ýerleri ekişe taýýarlamak, 10 gektar ýerde gant şugundyrynyň idegini ýetirmek işleri hem guramaçylykly alnyp barylýar. Biz hem oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň artdyrylmagyna goşant goşýan daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Ogulşirin Ýazdurdyýewa mundan buýana hem rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris. Durdynabat BAÝRAMOWA.

3
3 06.08.2026
Öndürijilik ýokarlanýar

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti ösüş-özgerişli ýol bilen bedew batly öňe barýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary zähmet öndürijiligi üpjün edilýär. Şeýle ösüş depgini milli ykdysadyýetimiziň himiýa senagaty pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Pudagyň kärhanalarynda işler talabalaýyk guralyp, mineral dökünlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň oba hojalygynyň depginli ösüşine kuwwatly itergi berýär. Gürrüňi edilýän meselede “Maryazot” önümçilik birleşiginde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda belent sepgitlere ýetilýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýy belleniljek ýylyň geçen alty aýynda bu ýerde ammiak selitrasyny öndürmekde meýilnamada bellenilen 46 müň tonna derek 47 müň 750 tonna ammiak selitrasy öndürilip, meýilnama 103,8 göterim amal edildi. Kärhananyň hünärmenleridir işgärleriniň gazanýan üstünligi bu ýerde önümçiligiň ýokary talaplara laýyk guralýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem önümçilik birleşigimizde tehnologiki düzgün-nyzamyň berk berjaý edilip, howpsuz zähmetiň üpjün edilmegi hemişe derwaýys mesele bolup durýar. Önümçilik birleşigimizde ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyna saldamly goşant goşýan önümçiligiň öňdebaryjylary barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Olardan bölümiň başlygy Bekmyrat Ýagşyýew, mehanik Abdylnyýaz Allanepesow, operator Gurbandurdy Çaryýew, çyzyjy konstruktor Babajan Tirkişow kärdeşlerine nusgalyk görelde görkezýärler. Işçilerimiz özleriniň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky edilýän aladalara döredijilikli zähmeti bilen jogap bermäge çalyşýarlar. Allanur PORSYÝEW.

3
3 07.08.2026
Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan

Golaýda Murgap etrap häkimliginiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýünde “Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan” ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyldy. Duşuşyga etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Laçyn Rahmanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Aýdursun Annagylyjowa, etrap medeniýet öýüniň işgäri Güljan Nurýagdyýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Akjemal REJEBOWA.

3
3 07.08.2026
Taryhy özgertmeleriň gözbaşy

Golaýda etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrap bilim bölümi bilen maslahat geçirdi. Bu maslahatda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly durmuşa geçirilmeli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, ýokarda atlary agzalan guramalaryň we edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklyka, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýandygy, döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygy, Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere ykrarlydygyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň etdiler. Häzirki wagtda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçdiler. Babajan MUHAMMEDOW.

3
3 06.08.2026
Halkara hukugy —kanunçylygyň, adalatlylygyň ýörelgesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüş-özgerişli menzilleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylda has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty BMG we iri halkara guramalary, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we giňden goldanylýar. Şol beýik başlangyçlar bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyryp, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly hyzmatdaşlygy we dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmaga gönükdirilendir. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Has takygy, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamany Milletler Bileleşigine agza döwletleriň 78-si goldady. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň äşgär edýär. Görşümiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň bütin dünýäde uly goldaw tapýandygyny aýdyň görkezdi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde halkara abraýynyň täze belentliklerine çykýandygyna subutnamadyr. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly daşary syýasaty rowaç alyp, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýynyň ýokary göterilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň özenini Ýer ýüzünde howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de döwletleriň arasynda ykdysady-söwda, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmek düzýär. Halkara ähmiýetli başlangyçlarda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň adyndan eden teklibi biragyzdan goldanylyp, BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen bu başlangyç şanly ýylymyzyň taryhy wakasy boldy. “Maru — şahu jahan”.

3
3 06.08.2026
Geňeşli il myrada ýeter

Däp bolşy ýaly, her ýyl Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Halkymyzda “Maslahatly il myrada ýeter”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähimler bar. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda möhüm çözgütleri köpçülik bilen maslahatlaşyp kabul etmegiň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Ýurduň abadançylygy, ösüşi, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady kadalary bilen bagly çözgütleriň ählisi il-gün bilen geňeşilip kabul edilipdir. Munuň özi döwleti dolandyrmagyň adalatly, demokratik nusgasy bolup, ýaşuly nesliň durmuş tejribesine, halk köpçüliginiň bähbitleriniň nazara alynmagyna esaslanypdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem milli demokratik däplerimiziň müňýyllyklaryň synagyndan geçen tejribesiniň häzirki döwrüň talaplaryna kybap getirilip, jemgyýeti dolandyrmagyň täze milli nusgasydyr. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan wekiller, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, işewürler, işçiler, daýhanlar, alymlar, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler girýär. Şeýle giň gerimli wekilçilik kabul edilýän çözgütleriň il-günüň bähbidine gyşarnyksyz eýermegini şertlendirýär. Ýakynda Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri öz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe, şol sanda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bitirilen işler, ýetilen belent sepgitler barada aýtdy. Gahryman Arkadagymyz bu üstünlikleriň, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginde, jebisliginde gazanylandygyny nygtady. Milli Liderimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň netijeleri jemlener. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenip, öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Hakykatdan hem bu gün türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bir supra jemlenip, döredijilikli zähmet çekip, bagtyýar, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýat şäher, etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle hem syýasy partiýalaryňdyr jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir tagallalary esasynda umumymilli foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürýän, halkara abraýyny arşa göterýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! Kakageldi GURBANOW.

3
3 06.08.2026
Şanly ýylymyzyň ýeňişli gadamlary

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň özenini parahatçylyk, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz ählumumy meseleleri çözmekde, sebitara durnuklylygy berkitmekde hem-de medeni-ynsanperwer köprüleri gurmakda dünýä giňişliginde nusgalyk görelde görkezýär. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen çäklenmän, ählumumy ösüşe hyzmat edýän giň gerimli taslamalary öz içine alýar. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Umuman, Türkmenistanyň daşary syýasat sahypalary ýyl-ýyldan täze taryhy üstünlikler bilen baýlaşýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ynamly ädimleri halklaryň we döwletleriň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de durnukly ösüşiň kepili bolup dabaralanýar. Uzukjemal HOMMADOWA.

40
40 04.08.2026
Halk maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy

             “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem, ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Halk maslahaty- demokratiýanyň milli nusgasy” ady bilen maslahat geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy.  Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu täsirli maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de bilim ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýlip, atlandyrylan ýylymyzda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar mundan beýläkde ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň pajarlap ösmegini, asuda we erkana Watanymyzyň her bir gününiň uly ösüşlere eýe bolmagyny, halkymyzy ak ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitlerine gönükdirilen dünýä nusgalyk işleriniň barha rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar. Dursun Ilbegiýewa.

39
39 02.08.2026
Watanymyzyň beýik geljegi we taryhy ädimler

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda geçiriljek halk maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Mary şäher häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda maslahat duşuşygy geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy.  Mary şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilim, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda Türkmenistanyň halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.   Şeýle hem bu ýerde “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giňden toýlanjak Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny zähmet üstünliklerine beslemek bilen baglanyşykly işler barada hem aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahatda çykyş edenler Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il-ýurt bähbitli meselelere garaljaklygy dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy beýik geljege sary ynamly ädimler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Dursun Ilbegiýewa

40
40 01.08.2026
Milli ýörelgelere we rowaçlyklara ygrarlylyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şu günler ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly taryhy wakalara, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna görülýän taýýarlyklar babatynda welaýatlarymyzyň ähli şäherdir, etraplarda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklar yzygiderli guramaçylykly geçirilmegi netijesinde şeýle taryhy ähmiýetli wakalar mynasybetli maslahatlaryň biri hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň,  gurnamaklarynda Talhatanbaba oba medeniýet öýünde geçirildi. Oňa etrabyň kümüş saçly eneleri, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda täsirli çykyşlar edilip, onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji we bedew bady bilen ösýän döwlet hökmünde tanalýandygy hemem Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda çuň manyly çykyşlarda beýan edildi. Halk maslahaty – bu halkyň ykbalyny öz eline alyp, döwlet derejesindäki möhüm kararlary bilelikde kabul edýän beýik maslahatdyr. Garaşsyzlyk bolsa türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, agzybirliginiň we döwletlilik ýörelgeleriniň edebiligi hem-de geljekki nesiller üçin beýik mirasydyr. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy we türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň kuwwatyny hem beýik geljege bolan ynamyny ýene bir gezek dabaralandyrýan taryhy basgançak bolup taryha ýazylar – diýip, uly buýsan bilen aýdyldy. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.  

46
46 01.08.2026
Ýokary guramaçylyk we belent maksatlar

           “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde hem, ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Sakarçäge etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sakarçäge etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Sakarçäge etrap zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty – geňeşli iliň döwletli ýoly” ady bilen maslahat geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy.  Sakarçäge etrap medeniýet öýünde geçirilen bu täsirli maslahata il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrap halk maslahatynyň agzalary, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilim, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda şu ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy we şol mejlisde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.   Şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýlip, atlandyrylan ýylymyzda ýurdumyzda giňden toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny zähmet üstünliklerine beslemekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işler barada hem bu ýerdäki çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşleriň ählisiniň halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendigini, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem il-ýurt bähbitli meselelere garaljaklygy dogrusynda-da buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar mundan beýläkde ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň pajarlap ösmegini, asuda we erkana Watanymyzyň her bir gününiň uly ösüşlere eýe bolmagyny, halkymyzy ak ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitlerine gönükdirilen dünýä nusgalyk işleriniň barha rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar. Dursun Ilbegiýewa

1958
1958 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1791
1791 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2036
2036 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1966
1966 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1913
1913 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2262
2262 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1746
1746 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2075
2075 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.