Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda-da Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dürli medeni çärelerdir, dabaraly duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mary şäherindäki Bagt köşgi toý mekanynyň dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň guramagynda „Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly- ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna görüm-görelde „ ady bilen dabaraly duşuşyk söhbetdeşligini geçirdi. Bu dabaraly duşuşykda medeniýet we sungat ussatlary mähriban zenanlarymyzy wasp edýän aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazyň belent owazyna beslenen bu dabaraly duşuşyga gatnaşan zenanlar milletiň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly hem-de onuň maşgala ojagyndaky terbiýe göreldesi, käbä deňelýän enelerimiziň öz perzendine we maşgala ojagyna bolan söýgüsi, şeýle hem türkmen zenanlaryna görüm-görelde nusgalyk ajaýyp el işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Bu dabaranyň geçirilýän ýerinde ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän türkmen zenanlaryna mahsus bolan el işleriniň dürli görnüşleri, döwrebap toý lybaslarynyň we owadan şaý – sepleriň nusgalyk görnüşleri, nepislik bilen taýýarlanan türkmen keçeleri, halypa halyçylaryň ezberlik bilen dokan halylary we haly önümleri, şeýle-de täsin nagyşlanan gap-gaçlardan guralan sergi hem dabara millilik ruhuny çaýdy. Ajaýyp döwrümiziň bagtly zenanlarynyň dabaranyň dowamynda ümä üýşüp el işlerini ýerine ýetirip oturan pursatlary bolsa has-da täsirli bolup, oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirler galdyrdy. Dabaraly duşuşyga gatnaşan bagtyýar zenanlar türkmen zenanlaryna belent hormat-sarpasy üçin Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurjahan Mämmedowa.








