Ejem janyň erigi
Erigimiz gülläpdir,
Görk berip tebigata.
Ýaşlyk keşbin telläpdir,
Meňzäp ajap sungata.
Bu gözel görküň bilen,
Meni heýjana salýaň.
Ýaz pasly durkuň bilen,
Ýaşlygyňa dolanýaň.
Ojagmyzy saýalap,
Ejem jany ýatladýaň.
Sen yssy mähriň bilen,
Ýaşlygyma ätledýäň.
Biz obada ýaşaýardyk. Maşgalamyz uludy. Ejem, kakam, dokuz sanam dogandyk. Öýümiziň töweregi bag-bakjalykdy. Howaýy üzümleriň dalbarlary jaýymyzyň daşyna bürenip durdy. Mellegimizde alma, şetdaly, garaly, injir, saraly, nar ýaly miweli agaçlar ösüp otyrdy. Öýümiziň arka tarapynda bir düýp erik agajy bardy. Ol her ýyl beýleki agaçlar ýaly bol hasyl berýärdi.
Meniň özümden uly üç erkek, birem aýal doganym bardy. Agalarymyň ikisi öýlenendi. Ejem jan şol erik agajynyň saýasynda ýüpden sallançak gurap, agtyklaryny hüwdüläp ýatyrardy. Köplenjem, gapdalda duran ojakda unaş bişirerdi. Men ol wagtlar mekdep okuwçysydym. Her gün mekdepden gelenimde ejem jan şol erigiň saýasynda agtyklaryny daşyna üýşürip, güýmäp, sallançak üwräp oturardy. Men şol pursatlary şeýle hezil, ýakymly görýärdim. Men ejem janyň ýanynda oturyp naharlanýardym. Onuň şol erik agajynyň saýasynda bişirýän unaşlarynyň tagamy üýtgeşikdi. Şol pursatlar hakydamdan çykanok. Häzirem çagalygymy ýatlasam, şol pursatlar göz öňümde kino lentasy ýaly janlanýar.
Aradan ýyllar geçdi. Hemmämiz öý-işik bolup, ene höwürtgämizden uçup, durmuş ýoluna gaýtmaly bolduk. Ejem jan aradan çykandan soň, mellegimizdäki baglaryň hersi bir bahana bilen gurap başlady. Soň bir baramda seretsem, beýleki agaçlaryň birem ýok. Diňe şol erik agajy otyr. Men onuň ýanyna bardym. Çagalyk döwrüm, ejem janyň unaşy, sallançagy, töweregi jagyl-jugully ala-ýaz bolup oturşy, men okuwdan gelemde «Gyzym, geldiňmi?» diýip nahar guýup berşi göz öňüme geldi. Damagym doldy. Kellämde bolsa: «Näme üçin hemme agaçlar gurap, sen galdyň, ejem janyň erigi?” diýen pikir at salýardy.
Men erige ýüzlenýärin: «Diýmek, seni ejem janyň mähri gandyrypdyr. Saňa-da şol pursatlar ýaran bolmaly. Sen şol wagtlar ejem janyň mährinden güýç alyp, şonuň täsirinden çykyp bilen dälsiň?! Sen ýene şol döwri küýseýänsiň, şol ajaýyp günleriň gaýdyp gelerine garaşýansyň! Şeýle dälmi? Diýmek, senem meniň bilen dertdeş ekeniň!»
Aradan esli wagt geçensoň baryp görsem, erik agajynyň ugry ýokdy. Ol güllemändirem, birlän-ikilän şahasam gurapdyr. Ol sus görünýärdi, meniň oňa nebsim agyrdy. Görüp otursam, ol soňky iki ýyl miwe-de bermändir. Men ony sypalap, ýüzlendim: «Sen ýeke galypsyň, ýekesireýäňmi? Men seniň ýürekdeşiň! Men saňa ejem janyň mähir berşi ýaly ýyly mähir bermäge çalşaryn. Ýygy-ýygy geler duraryn. Senem ýaňadan güýç-gurbat tap-da, gülle, ýaşa, başardygyňdan miwe ber! Güllemeseň, miwelemeseň seniňem ýok bolaryňdan gorkýan!”.
Soň men ejem janyň eriginiň ýanyna gatnawymy kesmedim...
Bu gün men ýene dogduk mekana bardym. Ýene şol maňa mähriban, maňa ýakymly erik agajy bilen ýüzbe-ýüz durun. Ol ýapraklaryny ýazyp, şeýle bir gülläpdir, onuň gül-pürçük bolup oturşyna ýürekden begendim. Ol bol miwe-de berdi. Bu erik agajy meniň üçin bir gyzykly kitap ýalydy, mukaddesdi, mähribandy, ýaşlygymy, ejem jany ýatladýan eserdi.
Ömrümdäki mukaddeslikleriň biri-de sensiň, eý, erik agajy! Mähriban käbämiň mähri siňeni üçin bolsa gerek, sen gözüme, diýseň, yssy görünýäň! Sen meniň ýüregimde täsin duýgy döredip bilen ezizlik!
Ejem janyň keşbi saňa siňipdir,
Gyzykly günleriň barysy sende.
Geçen günler taryh bolup dymyp dur,
Dogduk mekanymyň manysy sende.
Durmuş dowam edýär, ýaşa sen, gülle,
Döwletli ojaga sensiň geregim.
Ömrümiň parçasy, waspyň bar dilde,
Ejem janyň mähri siňen erigim.
Oguljemal SARYÝEWA.