Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda yglan eden «Merdana nesil - 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Şäherdäki 36-njy orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy.
Bäsleşikde oglanlar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmek, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymy aýtmak ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Okuwçylar sahnada özleriniň döredijilik ukybyny açyp görkezdiler. Şowhuna beslenen bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde ýeňiji bolan merdanalar öňe saýlandy. Onda şäherdäli 25-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Allanur Akmuhammedow 1-nji, şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Daýanç Mälikberdiýew 2-nji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ýakup Atageldiýew hem-de 21-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Durdyhajy Muhammetsahydow 3-nji orunlarda mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan okuwçy oglanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. «Merdana nesil - 2025» atly şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyrynda I we II orunlara mynasyp bolan okuwçy oglanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Annagozel SARYÝEWA.








