Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen aýdym-sazly dabara hem ýokary ruhubelentlige beslendi. “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki bezelen toý meýdançasynda gurnalan bu dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, ýazyjy – şahyrlar, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we köpsanly bagtyýar ýaşaýjylar uly rububelentlikde gatnaşdylar. Bagtyýarlyk ruhuna beslenen bu dabarada welaýatyň medeniýet – sungat ussatlary we bagşy – sazandalary, estrada aýdymçylary özleriniň döwrebap çykyşlary, aýdym – sazlary bilen toý mähellesiniň göwünlerini göterdi. Toý meýdançasynyň bezelen sahnasynda çykyş eden sungat ussatlarynyň hoş owazly aýdym – sazlarynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işleriniň, bagtyýar döwrümizde giňden bellenilýän toý – baýramlaryň şatlygy, halkymyzyň asuda we parahat durmuşy uly joşgun bilen wasp edildi. Tans hem-de folklor toparlaryň ussatlyk bilen janlandyran folklor eserlerinde, ajaýyp tanslarynda milli ýol – ýörelgelerimize belent sarpa goýýan türkmen halkymyzyň däp – dessurlary aýratyn şöhlelendirildi. Göwün göteriji bu dabaranyň dowamynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň görkezen edebi sazly kompozisiýasy hemmelerde şatlyk-şowhun döredip, baýramçylygyň dabarasyny artdyrdy. Şatlyk – şowhun bilen ýerine ýetirlen her bir çykyş dabaranyň şowhunyny artdyryp, halkymyzyň bagtyýar ertiriniň aladasyny edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar bolup ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar her bir güni ösüşlere beslenýän bagtyýar döwrümizde milli medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa goýýan, döredijilik işgärlerine ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar.
Dursun Ilbegiýewa.








