Ajaýyp ösüşleri bilen bedew batly öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň buýsandyryjy wakalary ykballara bagt nuruny çaýýar. Beýik ösüşleri bilen özgerýän toýly günlerimiz kalplarymyza egsilmez joşgun paýlaýar.
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak Howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kesbine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda 22-nji iýunda Ahal welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
Köňüllere ylham paýlaýan säheriň ajaýyp howasy tebigatyň täsin gözelligi bilen sazlaşyp, baýramçylyk gününde “Türkmeniň ak öýi” binasy toý röwüşde bezelipdir. Ýurdumyzda giňden toýlanylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döredijilik adamlarynda uly joşgun döredýär. Halkymyzyň kalp baýramy bolan bu dabarada, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagdaky buýsançly jümleler her bir döredijilik adamsynyň, bagşy-sazandalaryň, artistleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu şatlykly dabarada medeniýetde we sungatda at gazanan bagşylaryň, artistleriň ýerine ýetiren çykyşlary ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Çünki, döredijilik adamlaryny bir ýere jemlän bu baýram dost-doganlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, agzybirligiň, jebisligiň baýramydyr.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşan Medeniýet hepdeliginiň dabaralaryna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Medeniýet hepdeligi dowam edýär.
Aýparça AKYMOWA.