Şeýle at bilen Murgap etrap medeniýet öýünde TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Melisiniň deputatlary, halk maslahatynyň agzalary, ýokarda atlary agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda etrapdaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Oguljan Baýramgylyjowa, etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Atagarryýewa çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilýändigi, her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilýändigi, medeniýetimize, sungatymyza aýratyn sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi.
Dabaraly maslahatda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde şirin aýdym-sazlar ýaňlandy.
Gülşat BEGENJOWA.