Hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine berýän kömekdir goldawlaryndan ruhlanyp zähmet çekýän ýurdumyzyň işewür telekeçileri giň gerimde ýaýbaňlanýan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň goşulmak bilen hususy ulgamda maksada okgunly we netijeli işleri amala aşyrýarlar. Mary şäheriniň Günorta aýlaw ýolunyň ugrunda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täjir ýoly” hususy kärhanasynyň awtoulaglaryň ýag süzgüçlerini öndürýän önümçilik kärhanasynda hem ýeňil we ýük awtoulaglaryna, oba hojalyk hem-de gurluşyk tehnikalaryna zerur bolan dürli görnüşli ýag, ýangyç, howa süzgüçlerini öndürmek işleri talabalaýyk ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmek barada edýän bimöçber aladalary hem-de telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlara döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler we döredilýän giň mümkinçilikler işewür telekeçileriň halkymyza zerur bolan önümleri öndürmekdäki iş depginleriniň ýokarlanmagyna uly ýardam berýär. Hususy ulgamyň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagy netijesinde ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberleri barha artýar. Mary şäheriniň Günorta aýlaw ýolunyň ugrunda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täjir ýoly” hususy kärhanasynyň dürli görnüşli awtoulaglaryň ýag, ýangyç, howa süzgüçlerini öndürýän önümçilik kärhanasynda hem ýurdumyzyň ulag we oba hojalyk pudaklary üçin gerekli bolan ýag süzgüçlerini öndürmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Hususy kärhananyň önümçilik pudagy kämil daşary ýurt tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde ýokary hilli harytlary öndürmek işleri ýola goýulýar. Kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýan enjamlarda ýerli hünärmenleriň tagallasy bilen dürli görnüşli süzgüçlerini ýasamakda zerur bolan demir bölekleriniň birnäçe görnüşleri taýýarlanylýar. Bu kärhana süzgüçleri ýasamakda gerek bolan demir – metal lentalary we beýleki çig mal serişdeleri bilen ýeterlik üpjün edilipdir. Demir – metal böleklerini dürli ölçegde kesmek, olardan şekiller ýasamak, kebşirlemek ýaly çylşyrymly işler tejribeli hünärmenler tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär. Önümçiligiň enjamlar toplumy arkaly ýygnalyp, taýýar görnüşe getirilen dürli ölçegli ýag we howa süzgüçlerine reňkler berlip, “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgiler goýlup, olar ýörite gaplara gaplanylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu ýag, ýangyç, howa süzgüçleri ýurdumyzyň ulag, oba hojalyk we gurluşyk pudaklary üçin iň zerur we amatly haryt hasaplanylýar. Ýokary hilli ýag we howa süzgüçleri ýeňil, ýük awtoulaglaryň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň ýaglaryny çalyşmakda giňden ulanylyp, olaryň saz we bökdençsiz işlemegini gazanýar. Bu önümler oba hojalyk pudagyna degişli edara – kärhanalaryň şeýle-de hususy kärhanalaryň sargytlary esasynda taýýarlanylýar. Häzirki wagtda bu önümçilik ulgamynda şular ýaly “MBM” haryt nyşanly ýokary hilli süzgüçleriň her aýda uly tapgyrlary öndürilýär. Işewür telekeçiler öz öndürýän önümlerini hil gözegçiliginden geçirmek bilen olary ýurdumyzyň içerki bazarlaryna, hususy kärhananyň ýörite dükanlaryna hem-de ýag çalyşýan nokatlara ugradýarlar.Kärhananyň işçileri öz önümlerini Täjigistan, Özbegistan döwletlerine hem eksport edýärler. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere berýän kömekdir goldawlaryna ruhlanyp işleýän işewürler öz öndürýän ýokary hilli harytlarynyň görnüşlerini geljekde-de artdyrmagy maksat edinýärler. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň her bir iş gününi ýokary iş netijeleri bilen jemleýän işewür telekeçiler, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak barada edýän aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.