Mary etrap merkezi kitaphanasynda TMÝG-niň welaýat hem-de Mary etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda ýaşlarda ruhy ahlak, medeni aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini terbiýelemek, olarda maşgala mukaddesligine bolan söýgini artdyrmak maksady bilen, «Maşgala agzybirligi — döwletliligiň gözbaşy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa kitaphanaçylar hem-de etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Sülgün Ataýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Towşan Çaryýewa, kitaphanaçysy Gunça Mämmedowa, etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Gülnäzik Ataýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler maşgalanyň jemgyýetiň esasy sütünidigini, ondan başlanýan terbiýäniň çaganyň geljekki durmuşynyň özenini düzýändigini nygtadylar. Maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi babatynda hem täsirli gürrüň edildi.
Enejan ATAÝEWA.








