Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlikde welaýatyň bagtyýar ilatlarynyň giň köpçüliginiň agzybirlik bilen gatnaşmagynda ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda guramaçylykly bellenip geçildi. Mary welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşýanlar ir säherden Mary şäheriniň Kemine köçesiniň ugrunda ýörişiň başlanýan ýerine jemlendiler. Bu günki baýramçylyk mynasybetli guralan welosipedli ýörişe gatnaşyjylar sport çäräniň başlanýan ýerinde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Medeniýet we sungat işgärleri, ussat aýdymçylary we tans toparlary özleriniň taýýarlan aýdymdyr sazlary we tanslary bilen çykyş etdiler. Bu ýerde belent heňde ýerine ýetirilen aýdymlarda we joşgunly tanslarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli rowaç işleri, gülleýän, gül açýan eziz Diýarymyz, şan-şöhraty dünýä dolan türkmen sporty giňden wasp edildi. Belent joşgun bilen ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary we tanslary ýörişe gatnaşanlar gyzgyn garşyladylar. Her ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň köp döwletlerinde şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän ,,Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Mary şäheriniň giň köçeleri boýunça guralan welosipedli ýörişe welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we köp sanly bagtyýar raýatlar gatnaşdylar. Sport janköýerleri Mary şäheriniň Kemine köçesinden bat alyp, şäheriň görkana, giň, owadan, gyralary gül-gunçaly, gür baglara bürenen köçeleri boýunça welosipedli ýöriş edip, bedenlerini berkitdiler. Baýramçylyk ýörüşine gatnaşýan ruhubelent welosipedçileriň gözýetime çenli uzap gidýän owadan hatarlary şäheriň gözelligi bilen aýratyn sazlaşygy emele getirip, hemmelerde köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine, sportuň we sagdynlygyň ýurduna öwrülen ata Watanymyza bolan begenç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sport köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň baş şygaryna öwrülýär. Welosport hem türkmenistanlylaryň durmuşynda aýratyn orun eýeledi. Geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanlar ýol ugra şäherde bina edilen medeni maksatly binalaryň öňünde guralan aýdym-sazly baýramçylyk şowhunlaryna, sport görkezme çykyşlara tomaşa etdiler. Joşgunly baýramçylyk çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan dünýä nusgalyk başlangyçlary, ýurdumyzyň asudalygy, sportda ýetilen belent sepgitler joşgunly wasp edildi. Ýörişiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda welaýat merkezinde bina edilen biri-birinden owadan, gündogar binagärlik derejesinde gurlan ymaratlary synlamakdan çäksiz lezzet alan bagtyýar raýatlar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýerilip geçirilýän köpçülikleýin welosiped ýörişi, bedenterbiýe we sport ýaryşlary ýurdumyzda barha dabaralanyp, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesi hasaplanýan bu sport ýaryşlary beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde gaýragoýulmasyz edilýän aladalardan nyşandyr. Şu geçirilýän ýaryşlar ýurdumyzda sportuň welosiped sürmek ýaly görnüşiniň has meşhurlyga eýe bolýandygyny hem-de berk bedenli, berdaşly ussat türgenleriň kemala gelýändigini aýdyň görkezýär. Bu günki ýörişe gatnaşanlar bellenilen aralygy ruhubelentlik bilen geçip, pellehana geldiler. Mary şäheriniň merkezinde ýerleşýän welaýat medeniýet köşgüniň öňünde olary welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, sport türgenleri özleriniň aýdym sazly çykyşlary bilen garşyladylar. Meýdançada sportyň köp sanly görnüşleri boýunça sport görkezme çykyşlaryna-da giň orun berildi. Welaýatyň ýaş türgenleriniň sportuň dürli görnüşi boýunça görkezen çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdy. Bu ýerde görkezilen sport görkezme çykyşlary, ýaňlanan aýdym-sazlar hemmeleriň göwünlerini joşduryp, olarda ýakymly täsirler galdyrdy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bellenilen Bütindünýä welosiped güni döwletimiziň sport abraýynyň barha meşhurlyga eýe bolýandygyny we türkmen sportunyň ösüşleriň täze belentliklerine çykýandygyny ýene-de bir gezek bütin aýdyňlygy bilen subut etdi.
Göwher Ataýewa








