Şu günler ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem wagyz-nesihat çäreleri we maslahatlar yzygiderli geçirilip, olar çuň many-mazmuna eýe bolýar. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Mary welaýat Prokuraturasynyň, Mary welaýat Kazyýetiniň, welaýat polisiýa müdirliginiň, Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň professor mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öňe sürýän sagdyn-durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. Bu ýerde çykyş edenler gülläp ösýän Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli we arassa ahlakly adamlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän giň göwrümli işler barada giňişleýin gürrüňler etdiler. Ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, adam saglygyna zyýan ýetirýän temmäki serişdeleriniň bikanun dolanşygyna, ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda hem birin-birin durup geçdiler. Şeýle hem il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Göwher Ataýewa.








