Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni ähli bilim edaralarynda täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly nyzam we okuw sapagy guramaçylykly geçirildi. Şeýe çäre Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde-de ýokary ruhubelentlige beslendi. Okuw jaýynyň dabaralar meýdançasynda edilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary ugrynda taýsyz tagallalary öz beýanyny tapdy. Talyplaryň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazly çykyşlary hem dabara aýratyn öwüşgin berdi. Olarda bagtyýar ýaşlyk, talyplyk ýyllary, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylmy, bilimi ösdürmekde durmuşa geçirýän giň gerimli, beýik işleriniň waspy belentden ýetirildi. Soňa täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi. Onda Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri, Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýnyň ýokarlanmagy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän nusgalyk işleri, Türkmenistan Watanymyzda Garaşsyzlygymyzy alan 35 ýylyň dowamynda ýetilen belent sepgitler, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikler çykyşlaryň esasyny düzdi. Ýurdumyzda ylma-bilime uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň çäksizdigini beýan etdiler.
Azat Beglanow.








