Ülkämize hoştap howaly bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda giňden bellenilýän, halkymyzyň gymmatly däp-dessurlarynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülen Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Mary welaýatynyň çäginde hem wagyz-nesihat duşuşyklary, maslahat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle maslahat duşuşyklarynyň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda Mary welaýat kitaphanasynda geçirildi. Bu maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, Mary welaýat kitaphanasynyň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu maslahat duşuşygyndaky çykyşlarda baýramçylyk mynasybetli hemmelere gutlag sözleri aýdylyp, bu baýramyň milli aýratynlyklary dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. Milli Bahar baýramy halkymyzyň özboluşly medeniýetini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini giňden şöhlelendirmek bilen täzelenişiň gözelligiň we ruhubelentligiň baýramy höküminde türkmen halkynyň durmuşynda uly orun aldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu baýramçylyk her ýylda ýurdumyzda şatlyk-şowhuna we toý baýrama beslenip giňden bellenilýär. Bular dogrusynda hem çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen bellediler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda ýokary ruhubelentlige beslenilip geçirilen bu maslahat duşuşygyna gatnaşanlar milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dursun Ilbegiýewa.








