Mary şäheriniň №5 sport mekdebi, Mary şäheriniň Güneş
şäherçesinde ýerleşip, sportuň 10 görnüşi boýunça türgenleşik işleri alnyp
barylýar. Ýagny, sportuň futbol, basketbol, ýeňil atletika, agyr atletika,
grek-rim we erkin göreşi, çeper gimnastika, kikboksing, taekwon-do ITF hem-de
suwda pökgi oýnamak görnüşleri bar.
Sportuň futbol görnüşi boýunça ilkibaşda 9-10 ýaşdaky
ýetginjekleri ene-atalarynyň razylygy we lukman gözegçiliginden geçirilenden
soňra türgenleşige kabul edilýär we sport mekdebiniň direktorynyň goly we
möhüri bilen “Türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnama” berilýär. (surat 1) Birnäçe wagtyň dowamynda
türgenleşik geçirilenden soň, barlag-synaglaryndan geçirilip, oňat netije
görkezen türgenleri geljek okuw-türgenleşik ýylyna geçirilýär. Wagtyň geçmegi
bilen topardaky işjeň türgenleri şäher, etrap, welaýat derejesinde geçirilýän
ýaryşlaryna gatnaşdyrylýar. Ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan
toparlaryň türgenleri hormat haty we medallar bilen sylaglanýar hem-de
ýaryşlara yzygiderli netije görkezen türgenlere sport mekdebi tarapyndan sport
atlary we razrýadlary berilýär.
Mundan başga-da, ýokarda
görkezilen sportuň beýleki görnüşlerinde hem Ýöriteleşdirilen okuw-sport
edaralary hakynda Birkysmy düzgünnama laýyklykda degişli ýaşlary boýunça
türgenler sport mekdebine kabul edilýär.