Mary
welaýat kitaphanasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa geçiş — geljegiň
energiýasy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Ylmy
maslahatda ençeme çykyşlar boldy. Onda onlaýn arkaly daşary ýurtly
hünärmenleriň hem çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda energetika ulgamyny
ösdürmegiň ylmy esaslary hakynda giňişleýin gürrüň edildi, birek-birek bilen
tejribe alşyldy. Halkara ylmy maslahata talyp ýaşlaryň — geljekki
energetikleriň gatnaşmagy has-da ähmiýetli boldy. Çünki, olara halkara ylmy
maslahatdaky çykyşlardan öz saýlap alan hünäri boýunça birnäçe täze
maglumatlary öwrenmäge uly mümkinçilik boldy.